Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen zyýaratçylary
“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen, Mekgede we Medinede haj
parzyny berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna
we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir
hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp bolan dessurlary berjaý etmek üçin
Mekgede hem-de Medinede bolarlar. Goý, Beýik Biribar türkmen zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn!
Doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji iýunynda 2022-nji ýylyň 2 – 22-nji iýuly
aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek baradaky
resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna
eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.