27-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda BMG-niň ikinji umman boýunça maslahaty geçirildi. Bu maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe syýasatçylar, bilermenler we ekologlar gatnaşyp, ummanlaryň hapalanmagy sebäpli balyklaryň, haýwanlaryň we guşlaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň öňüni almak we emele gelen ýagdaýdan baş alyp çykmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu halkara forum, adamzadyň Ýeriň suw ekoulgamyna ýetirýän zyýanyny düzetmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy. Maslahatyň esasy maksady, suwlaryň hapalanmagyna we şorlaşmagyna, bikanun balyk tutulmagyna, biodürlüligiň ýitmegine, balyklaryň, haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýyş gurşawynyň aradan aýrylmagyna garşy ummanlary durnukly dolandyrmak maksady bilen innowasiýa, ylmy esasly çözgütleri halkara jemgyýetçiligine hödürlemekden ybarat boldy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda ummanlaryň adatdan daşary ýagdaýdadygyny, global ýylylygyň, ummanlaryň temperaturasyny rekord derejä çenli ýokarlanýandygyny, bu ýagdaýyň bolsa, ýygy-ýygydan güýçli tupanlara sebäp bolýandygyny belledi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, gyssagly çözgütleri talap edýän esasy meseleleriň: umman baýlyklarynyň aşa köp ulanylmagy, ummanlaryň şorlaşmagy we hapalanmagy barada durup geçdiler. Çykyş edenler her ýylda bir million guş we 100 müňden gowrak süýdemdirijiniň ummanlara düşýän mikroplastikler zerarly ölüp, bu ýagdaýyň 2050-nji ýyla çenli üç esse artyp biljekdigini bellediler.
“Umman ylymlarynyň Halkara onýyllygy” taslamasy Lissabon forumynda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň 2021-2030-njy ýyllarda durmuşa geçirilmegine garaşylýan bu başlangyç maslahatyň esasy mowzugy boldy. Lissabon maslahatynda ýaşlaryň roly barada hem durlup geçildi. Ýaş telekeçiler häzirki wagtda ekologlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň innowasiýa, subutnamalara esaslanýan çözgütlerini tapmaga üns berdiler.
BMG-niň maglumatlaryna görä, planetanyň kenarýaka zolaklarynda, takmynan, 680 million adam ýaşaýar we 2050-nji ýyla çenli bu san bir milliarda çenli artar. Soňky çaklamalara görä, bu onýyllygyň ahyryna çenli umman bilen baglanyşykly pudaklarda, takmynan, 40 million töweregi adam işlär. Maslahat Portugaliýada geçirilse-de, onuň esasy guramaçysy Keniýadyr. Bu Afrika ýurdunyň kenarýaka ilatynyň, takmynan, 65 göterimi balyk tutmak, deňiz baýlyklaryny ulanmak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly işlerde zähmet çekýärler.