5-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň
ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň
meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi.
Çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
“Tegelek stoluň” işiniň dowamynda Türkmenistanyň BSG-nda “goşulýan ýurt” derejesine eýe bolmagy,
Türkmenistanyň daşary söwdasynda ýagdaýynyň berkemegine, ynamly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde
halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine şeýle-de, Bütindünýä Söwda
Guramasy bilen Türkmenistanyň guramaçylykly hyzmatdaşlygynyň berkidelmegine we bu ugurlar boýunça
toplumlaýyn işleriň dowam etdirilmegine ýardam berer diýip bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew maslahatda çykyş etmek bilen, biziň döwletimiziň
esasy maksady Bütindünýä Söwda Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmagyndan ybaratdyr diýip aýratyn belläp
geçdi. Bu ugurda Türkmenistan gurama bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde yzygider tagallalary dowam etdirer.