6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen
Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk
geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň
ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygyny bellediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
energetika ugry boýunça ösdürilmeginiň ähmiýeti, halkara bazaryna energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmak
aýratyn bellenildi.
2021-nji ýylyň ýanwaryndaky Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek,
işläp geçmek we özleşdirmek ugrunda iki ýurduň Hökümetleriniň arasynda Özara düşünişmek hakynda
Ähtnamanyň gol çekilmegi türkmen-azerbaýjan energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny möhüm wakasy boldy.
Munuň bilen baglanyşykly, türkmen tarapy energetikanyň birnäçe ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn
geňeşmeleriniň işiniň dowam etdirilmegine taýýardygyny belläp geçdi.
Gepleşigiň dowamynda bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriň dowam etdirilmegine
taýýarlygy barada aýdylyp geçildi.