(Ata Alowow hakynda ýatlama)
Köpleriň halypasy, zehinli aktýor Ata Alowowyň döredijilik ýoly hakynda pikir eden mahalyň «Ynsan ömrüniň manysy näme?» diýen sowal örboýuna galýar. Ynha, bu sowala şeýle jogap bermek dogry bolsa gerek. «Adamlaryň şatlygyna şatlyk goşmagy, adamlaryň argynlygyny aýyrmagy, adamlara lezzet paýlamagy, gerek ýerinde hemaýatyny ýetirmegi başarýan ynsanyň ömri manyly ömürdir».
Türkmenistanyň halk artisti, aktýor, režissýor Ata Alowow hem şeýle ynsanlaryň biri bolupdy. Onuň geçen durmuş ýoluna manyly ömrüň ýoly diýip baha bermeklik dogry bolsa gerek.
Türkmenlerde «Guýmagursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin» diýen pähim bar. Ata Alowowyň guýmagursak zehini bar. Muňa onuň sahnada hem-de kinofilmlerde döreden keşplerine, sahnalaşdyran spektakllaryna tomaşa eden her bir tomaşaçy güwä geçse gerek.
1943-nji ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda gullukçynyň maşgalasynda dünýä inen Ata turuwbaşdan sungatyň surat çekmek görnüşine maýyl bolupdyr. Onuň kakasy Alow aga oba mekdebinde mugallymçylyk etse, ejesi Ogulgyz eje obada eli işli zenan hökmünde tanalypdyr. Alow aga bilen Ogulgyz eje bäş ogly, alty gyzy terbiýeläp ýetişdiripdirler. Çagalaryň içinde ýaşajyk Ata surat çekmegi gowy görüpdir. Alow aga Ataň çeken suratlaryny synlap, geljekde onuň suratkeş bolup ýetişjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyr.
1959-njy ýylda orta mekdebi tamamlan Ata paýtagtymyzdaky öňki Ş.Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine resminamalaryny tabşyrýar. Giriş synaglaryna taýýarlyk görülýän wagty Atanyň ýanyna köne dostlarynyň biri gelip, özüniň Moskwa okuwa gitmekçi bolýandygyny aýdyp, Ata hem özi bilen gitmegi teklip edýär. Şondan soň Ata pikirini üýtgedip, suratkeşlik ugrundan okuwa girmän, ykbalyň emri bilen Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatr sungaty institutynyň teatr we kino artisti bölümine okuwa girýär. Ol institutda tanymal mugallymlar O.Pyžowa, B.Bibikow dagylardan tälim alýar. Okuwyň ilkinji günlerinden başlap halypa mugallymlar Atanyň tebigy zehinine ýokary baha beripdirler. Şonuň üçin hem olar geljekki sahna ussadyna teatr sungatynyň inçe syrlaryny has-da içgin öwredip başlapdyrlar. Köp wagt geçmänkä-de institutyň halypa mugallymlary Ata okuw spektakllarynda dürli keşpleri janlandyrmagy ynanypdyrlar. Ýaş talyp Atanyň institutda ilkinji ýerine ýetiren keşbi türkmen dramaturgy Guseýin Muhtarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Komsomol sözi» atly spektakldaky professor Pälwanowyň keşbi bolupdyr. Onuň döreden bu keşbi halypa mugallymlaryň we talyp ýoldaşlarynyň göwünlerinden turupdyr. Bu keşbiň şowly çykmagy geljekki artisti beýleki sahna eserlerinde dürli keşpleri janlandyrmaga getiripdir. Şondan soň professor Boris Bibikow Ata Alowowa institutda sahnalaşdyrylýan spektakllarda dürli keşpleri döretmegi ynanypdyr. Ata talyp döwründe A.Arbuzowyň «Irkutsk wakasy» atly sahna oýnunda Sergeýiň, K.Goldoniniň «Kodžinskdäki dawa-jenjel» atly sahna oýnunda Tita-Naneýiň, W.Şekspiriň «Otello» atly sahna eserinde Otellonyň we Ýagonyň keşplerini döredipdir.
Ata Alowow 1964-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, paýtagtymyzdaky öňki Ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başlaýar. Geljekki zehinli artiste şol döwürler teatryň ussatlary, Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gulmämmedow bilen Bazar Amanow halypalyk edýärler. Bu halypalar ýaş artistiň özboluşly zehininiň bardygyna göz ýetirip, onuň bu ugurda has-da kämilleşmegi üçin uly kömek edýärler. Bu halypalaryň goldawlary netijesinde Ata sahnada dürli spektakllarda ajaýyp keşpleri janlandyryp başlapdyr. Onuň teatryň sahnasynda ýene-de ilkinji döreden keşbi bolan G.Muhtarowyň «Komsomol sözi» atly sahna eserindäki professor Pälwanowyň keşbi bolupdyr.
Ata ýaşlygyna garamazdan bu teatryň sahnasynda milli teatr sungatymyzyň taryhyna giren türkmen we daşary ýurt dramaturglarynyň pýesalary esasynda sahnalaşdyrylan sahna eserlerinde dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň ajaýyp keşplerini döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdyr. Olardan «Keýmir kör» spektaklynda baş keşp bolan Keýmir körüň, «Kodžinskdäki dawa-jenjel» spektaklynda balykçynyň, «Hang» sahna eserinde Robert Şumeniň, «Egnaçyk adamlar» spektaklynda Berdiniň, «Çanda duwuň başdan geçirenlerinde» Karagaşyň we suw perişdesiniň, «Täsin tebipde» Laçynyň, «Bu nähili beýle bolýar» sahna eserinde Annatuwak Çowdurowyň, «Ökünçde» Saparyň, «Aý tutulan gijesinde» Diwananyň, «Maşgalada» Strapulowyň keşpleri tomaşaçylar tarapyndan söýlüp garşy alnan keşpler bolupdy.
Ata Alowow Moskwanyň iki ýyllyk režissýorlaryň hünär kämilleşdiriş okuwyny tamamlap geleninden soň öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynda oýun goýujy režissýor wezipesinde işläp başlaýar. Ol uzak ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasynda diňe bir keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen we daşary ýurt dramaturglarynyň eserleri boýunça «Suw damjasy-altyn dänesi», «Riçard-III», «Şasenem we Garyp», «Sözlär tili türkmeniň», «Saýatly-Hemra», «Hüýrlukga-Hemra», «Ýegor Bulyçew we başgalar», «Nesimi», «Mollanepes», «Ykbal», «Ömür dawasy», «Bakja giren oklukirpi», «Il ogly», «Tüpeňli adam», «Derňewçi», «Kemine», «Bosaga balladasy», «Keramatly toprak», «Harmandäli», «Gelin gelýär», «Aşyklyk», «Agzybirlik ýylysydyr ojagyň» ýaly sahna eserlerini sahnalaşdyrypdyr.
Ata Alowow ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda hem zähmet çekmek bilen, bu teatryň sahnasynda-da birnäçe sahna oýunlaryny sahnalaşdyrypdyr.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda «Pereňli», «Biz ýene-de duşuşarys», «Magtymguly» atly sahna eserlerini sahnalaşdyryp, tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanan Ata Alowow poeziýany, esasan hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny uly höwes bilen okapdyr. Köp öwüşginli sungat ussady Ata Alowowyň şygyr äleminde öz güýjüni synap görendigini hem belläp geçesimiz gelýär. Ol özüniň şägirtleri bolan Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwlet Berdiýewe, Myrat Aradowa, şeýle-de artist Batyr Çaryýewe we beýleki ýaş artistlere goşgyny labyzly okamagyň inçe tilsimlerini yhlas bilen öwredipdir. Halypa artist diňe bir poeziýa bilen meşgul bolman, eýsem, eser ýazmagyň hem ussady bolup, türkmen teatr sungaty, aktýorçylyk ussatlygy barada kitapça ýazypdyr.
Ata aganyň Gökdepe urşunda bolup geçen pajygaly wakalar hakynda gürrüň berýän «Gala» atly sahna oýnunda janlandyran Gurbanmyrat işanyň keşbi, şeýle-de W.Şekspiriň «Romeo we Julýetta» sahna oýnunda janlandyran Romeonyň keşbi oňa tomaşa eden adamlaryň häli-häzirlerem ýadyndadyr. Şol keşpler hem Ata aga şöhrat getiren keşpler bolupdy. Kino sungatynda döreden keşpleri bilen hem halkyň söýgüli artistine öwrülen Ata Alowowyň surata düşen filmlerinden meşhur režissýor hem aktýor Alty Garlyýewiň «Magtymguly» atly çeper filmi, «Derýanyň aňyrsy serhet», «Gämiçiniň jany bir», «Tentek» atly çeper filmler halk köpçüliginiň göwnünden turan filmler bolupdy. Alty Garlyýew «Magtymguly» filminde ýaş türkmen ýigidi Öweziň keşbini, şeýle-de, «Derýanyň aňyrsy serhet» filmindäki baş gahrymanyň, ýagny serhetçi ýigit Atanyň keşbini janlandyrmak üçin Ata Alowowy teklip edipdir. «Gämiçiniň jany bir» filminde balykçy ýigit Myradyň, «Tentek» filmindäki başlygyň keşbi artistiň ýiti zehinini, ukyp-başarnygyny aýan eden keşplerdir.
Ata Alowow kino sungatynda diňe bir keşp janlandyrmagyň ussady bolman, kinofilmlere ses bermegiň hem ussady bolupdyr. Ol «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň terjime bölüminde daşary ýurt filmleriniň 500-den gowragyna türkmen dilinde ses beripdir.
Ata aga režissýor hökmünde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda hem çagalaryň söýgüli ertekileri esasynda ençeme sahna oýunlaryny sahnalaşdyrýar.
Ussat halypa işlän döwürleri Aşgabadyň öňki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyp ýaşlara aktýorçylyk ussatlygyndan sapak beripdir.
Köpleriň halypasy Ata Alowowa kino we teatr sungatyny ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary üçin 1976-njy ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1993-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar. Halypa 1985-nji ýylda «Suw damjasy – altyn dänesi» atly eseri sahnalaşdyrandygy üçin Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. 1996-njy ýylda Ata Alowow «Gaýrat» hem-de «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanýar, «Gala» atly eseri sahnalaşdyrandygy üçin Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolýar. 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglanýar.
Öz ýaşan manyly ömründe teatr we kino sungatynyň ösmegi üçin uly işler bitiren halypa artist Ata Alowowy ýakynlary, deň-duşlary, şägirtleri we bile işleşen kärdeşleri ýagşylykda ýatlaýarlar.
Akmyrat Hojaberdiýew, kino sungatyny öwreniji.