Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we so­si­al me­se­le­ler bo­ýun­ça bö­lü­mi­niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, 2022-nji ýy­lyň no­ýabr aýy­na çen­li dün­ýä ila­ty 8 mil­liarda ýeter.
«Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2022-nji ýy­lyň 15-nji no­ýab­ry­na çen­li dün­ýä ila­ty 8 mil­liard ada­ma ýe­ter» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär.
Be­ýa­nat­da bel­le­ni­şi ýa­ly, dün­ýä ila­ty kö­pel­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär, ýö­ne ösüş dep­gi­ni ha­ýal­la­ýar. 2020-nji ýyl­da glo­bal ösüş 1950-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek ýyl­da 1 gö­te­rim­den aşak düş­di. BMG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2030-njy ýyl­da dün­ýä ila­ty 8,5 mil­liard tö­we­re­gi bo­lup bi­ler. 2050-nji ýy­la çen­li Ýe­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sa­ny 9,7 mil­liard, 2100-nji ýy­la çen­li 10,4 mil­liard bo­lar.
Gu­ra­ma 2050-nji ýy­la çen­li dün­ýä ila­ty­nyň kö­pel­me­gi­niň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­nyň Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy, Mü­sür, Efio­pi­ýa, Hin­dis­tan, Ni­ge­ri­ýa, Pa­kis­tan, Fi­lip­pin­ler we Tan­za­ni­ýa ýa­ly se­kiz ýurt­da jem­len­jek­di­gi­ne ynan­ýar. Şeý­le hem 2027-nji ýy­la çen­li Hin­dis­ta­nyň iň köp ilat­ly ýurt hök­mün­de Hy­taý­dan öňe ge­çme­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.