Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edilip başlandy. 2022-2023-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyby okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 320 adam köpdür. Şonuň ýaly-da, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 380 adam artyk kabul edilýändigini görkezýär.
Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.