18-19-njy iýulda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat palatasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahat geçiriler. Bu forum halkara we sebitara derejede häzirkizaman ulag-logistika ulgamynyň hereketini işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Maslahatyň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş, halkara ulag pudagynda täze ýagdaýa uýgunlaşmak we netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Maslahat Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan “Türkmen Forum” bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Maslahata “Vitol”, “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Car Deluxe” ýaly kompaniýalar bilen bir hatarda IATA (Halkara howa gatnawlary assosiasiýasy), ICS (Halkara gami gatnawy palatasy), IRU (Halkara ýol ulag bileleşigi) we beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşar.

Maslahata gatnaşyjylar 20-nji iýulda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp görerler.