13-nji iýulda  gadymy Buhara şäherindäki Nedir Dewonbegi medresesiniň  dabaraly çäreler geçirilýän meýdançasynda türkmen-özbek dostluk konserti geçirildi.

Konserte iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, syýahatçylar, Buharada ýaşaýan türkmen maşgalalary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Konsertiň meýilnamasy türkmen we özbek halklarynyň nusgawy hem-de häzirki zaman aýdymlaryndan, milli  tanslardan ybarat boldy.

Dabara “Baky dursun türkmen-özbek dostlugy” atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Soňra meşhur türkmen we özbek aýdymçylarynyň, Türkmenistanyň “Serpaý”, “Näzli” tans, “Güneş” sazandarlar toparlarynyň, Özbegistanyň birleşen sazandarlar toparynyň hem-de “Buhoro mawjilori”, “Sabo” tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Dostluk konsertiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdymy tomaşaçylar ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Dabara iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde gadymy türkmen “Küşdepdi” we “Dostluk aýdymy” atly aýdym bilen tamamlandy.