Ýewropa Bileleşigi Horwatiýanyň ýewro pul birligine geçmegine ygtyýar berdi. Ýewropa Bileleşiginiň ýewro pul birligini ulanýan döwletleriniň maliýe ministrleri Brýusselde geçirilen ýygnakda Horwatiýanyň geljek ýylyň 1-nji ýanwarynda Ýewro sebitiniň 20-nji agzasy bolmagyna mümkinçilik berdi. Ýewropa Geňeşiniň binasynda geçirilen ýygnaga Ýewropa Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard we beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşdylar. Ýewropa Komissiýasynyň geçen aý taýýarlan maglumatynda, 2013-nji ýyldan bäri Bileleşigiň agzasy bolan Horwatiýanyň geljek ýylyň başyndan ýewro pul birligine geçmäge taýýardygy bellenipdi.
Ýewro pul birligini ulanýan ýurtlar sebitiň beýleki agzalary bilen has berk maliýe gatnaşyklaryny ýola goýýarlar we Ýewropa Merkezi bankynyň ýeňilliklerinden peýdalanýarlar.
Geljek ýyldan başlap, 340 million töweregi ilaty bolan Ýewro sebitiniň ýurtlarynyň raýatlary Horwatiýa baranlarynda nagt pullaryny horwat kunasy bilen çalyşmaly bolmazlar. 1999-njy ýylyň ýanwarynda Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Awstriýa, Belgiýa, Finlýandiýa, Irlandiýa, Lýuksemburg we Portugaliýa döwletlerinde ýewro pul birligi dolanyşyga girizilmegini kabul edipdi. 2001-nji ýylda Gresiýa hem bu pul birligini ulanmak kararyna geldi. Netijede, 2002-nji ýylda bu pul birligini kabul eden Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda milli banknotlaryň deregine ýewro ulanylyp başlandy. Soňky ýyllarda Sloweniýa, Kipr, Malta, Slowakiýa, Estoniýa, Latwiýa we Litwa umumy pul birligini ulanyp başlady. Ýewro dünýäde amerikan dollaryndan soňra ikinji rezerw walýutasy hasaplanýar.
Ýewropa Bileleşiginiň 27 agzasy bolup, häzirki wagtda olaryň 19-y ýewro pul birligini ulanýar. Şeýle hem Ýewropadaky Andorra, Monako, San Marino we Watikan ýaly mikro döwletler, Çernegoriýa we Kosowa döwletler, Ýewropa ýurtlaryna degişli uzak adalar ýewro pul birligini ulanýar.