Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwerlik ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem taraplar halkara we sebit syýasaty meseleleri boýunça pikir alşarlar. Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça Aşgabat bilen Daşkendiň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.