Şu gün günüň ikinji ýarymynda Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. «Kuksaroý» köşgüniň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron goşundysy habar berdi.
Köşgüň ikiçäk duşuşyklarda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi. Syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak, owgan meselesinde tagallalary birleşdirmek, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, Aral meselesi boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň esasyny düzdi.
Taraplar energetika, ulag ulgamlaryny, goňşy sebitleriň arasyndaky göni gatnaşyklary ösdürmegi, himiýa senagatyny, senagat kooperasiýasyny, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Şunda hormatly Prezidentimiz Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän «Daşkent» seýilgähi barada aýdyp, onuň açylyp ulanmaga berilmeginiň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda şanly wakalaryň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de üstümizdäki ýylda Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek döredijilik festiwalyny geçirmek teklip edildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Soňra iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.