Russiýada Salgyt kodeksine IT (maglumat tehnologiýasy) kompaniýalary üçin artykmaçlyklary giňeldýän kanun girizildi. IT kompaniýalary 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli girdeji salgydyndan boşadylyr, ätiýaçlandyryş tölegleri bolsa 7,6% bolar. Şol bir wagtyň özünde girdeji salgydy we ätiýaçlandyryş töleginiň nyrhlary bolan kompaniýalaryň sanawy giňeldildi. Ýeňillikden peýdalanmak üçin mundan ozal kärhanada azyndan 7 iş ornunyň bolmagy talap edilýän bolsa, indi bu çäklendirmek hem aýdyldy. Salgyt ýeňilliklerine laýyk gelýän IT girdejileriniň paýynyň ölçegi 90%-den 70% e çenli azaldyldy. Şeýle-de kanunda IT işleriniň görnüşleriniň sanawy hem giňeldildi. Ýagny girdeji salgydy IT girdejisinde hasaba alynýar we kompaniýanyň artykmaçlyklaryny hasaba almaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, indi rus önümlerini durmuşa geçirmek üçin hyzmatlary öz içine alýar. Indi dürli torlar arkaly SaaS çözgütlerini hödürleýän üpjün edijiler hem IT kompaniýalary üçin artykmaçlyklardan peýdalanyp bilerler.

IT kompaniýalary üçin salgyt kanunçylygynda bellenilşine görä, peýdalar girdeji alýan kompaniýalara degişlidir. Olaryň hatarynda islendik rus programma üpjünçiligini ösdürmek, durmuşa geçirmek we goldamak üçin hyzmatlar, platformalarynda onlaýn mahabaty satmak hem-de mahabatlara ýerleşdirmek boýunça iş alyp barýan guramalar täze kanunda bellenilen kadalara görä iş alyp bararlar. Bulardan başga-da abuna ýazylmak bilen birlikde mazmuna (filmlere we aýdym-sazlara) tölegli girişi üpjün etmek, onlaýn platformalary ulanyp, bilim hyzmatlaryny bermek hem-de rus programma üpjünçiligi ulgamlaryny ösdürmek we satmak boýunça iş alyp barýan taraplar hem täzelenen IT kompaniýalary üçin salgyt kanunçylygyna laýyklykda, işlerini ýola goýarlar.

Seýitjan ÝAŇYBAÝEW,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy.