Şu gün, 18-nji iýulda  paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy esasynda «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň guramagynda Türkmen logistika assosiasiýasy hem-de «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen bilelikde geçirilýär.

Dünýäniň birnäçe ýurdunyň ulag ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň, halkara gurmalaryň  wekilleri gatnaşmagynda geçirilýän forum adaty we onlaýn görnüşde geçirilýär. Foruma gatnaşyjylaryň 400-den gowragy hasaba alyndy. Şolaryň 170-den gowragy daşary ýurt kompaniýalarynyň, 90-a golaýy bolsa türkmen kärhanalarynyňdyr edaralarynyň wekilleridir. Halkara üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan nobatdaky forum döwlet edaralary bilen bir hatarda hususy düzümleriň hem wekillerini bir meýdançada jemläp, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklarydyr gepleşikleri geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler döredildi.

Forumyň plenar mejlisinde we bölümçelerdäki mejlislerde sebit hem-de sebitara derejede özara arabaglanyşygy, ösüşi berkitmek üçin üstaşyr ulag geçelgelerini dikeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Halkara maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Aşgabat Halkara howa menziline, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tanyşlyk gezelençlerini guramak hem göz öňünde tutulýar.