Gazagystanyň awiakompaniýalary şu ýylyň ahyryna çenli jemi 14 sany ýolagçy uçarlaryny satyn almagy meýilleşdirýär. Ýylyň ahyryna çenli ýolagçy orunlarynyň umumy sany 2,5 müň bolan täze howa gämileri satyn alnar. SCAT 9, “Fly Arystan” 3, “Air Astana” 2 sany uçar alar.

Ýurduň Senagat we infrastruktura ösüş ministrliginiň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilip geçilişi ýaly, milli awiakompaniýalaryň awiaparkyna täze uçarlaryň satyn alynmagynyň ýolagçy akymynyň artmagy bilen baglanyşyklydygy bellenildi. Şu ýylyň alty aýynda gatnadylan ýolagçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim artyp, 4,6 million adama ýetdi. Pandemiýadan ozalky döwür bilen deňeşdirilende bolsa, ösüş 28 göterime deň boldy. Häzirki wagtda kazak kompaniýalarynyň awiaparkynda jemi 75 uçary bar. 2025-nji ýyla çenli kompaniýalaryň awiaparkyna ýene 51 sany uçar goşular.