Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Albaniýa we Demirgazyk Makedoniýa bilen doly agzalyk üçin gepleşiklere başlady. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bu mynasybetli Albaniýanyň hökümet başlygy Edi Ramany we Demirgazyk Makedoniýanyň hökümet başlygy Dimitar Kowaçewskini gutlady. Ýewrokomissiýanyň başlygy hökümet başlyklaryna ýüzlenip: Raýatlaryňyz muňa köp wagtdan bäri garaşýardy we munuň üçin köp tagalla edýärdi” diýdi.

Bu iki ýurduň Ýewropa Bileleşigine doly agza bolmagy birnäçe ýyl alar. Şeýle-de bolsa, agzalyk üçin gepleşiklere başlanmagy uly ähmiýete eýedir.

Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji organy Ýewropa Komissiýasy dört ýyl ozal bu iki ýurduň agzalyk üçin agzalyk üçin gepleşikleriň geçirilip başlanmagyny maslahat beripdi. 1991-nji ýylda Ýugoslawiýadan garaşsyzlygyny gazanan Makedoniýa Gresiýanyň garşy çykmagy bilen 2018-nji ýylda Demirgazyk Makedoniýa adyny üýtgetmek kararyna gelipdi. Şol wagta çenli Mekedoniýa diýlip atlandyrylýan bu ýurduň resmi ady Ozalky Makedoniýa ýugoslaw Respublikasy diýlip atlandyrylýardy. Ýurduň ady  2019-njy ýylyň fewralynda häzirki adyna eýe boldy.