18-19-njy iýulda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Cargo Lux” halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Merkezi Aziýada «USAID» maksatnamasynyň wekilleri bar. Maslahatyň mejlislerine hem-de pikir alyşmalaryna halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Adaty görnüşde hem-de sanly ulgam arkaly guralan maslahatyň iş maksatnamasy “Pandemiýadan soňky döwürde ulag-logistika toplumynyň dikeldilmegi: täze howplar we mümkinçilikler” atly plenar mejlisi hem-de “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň sanlylaşdyrylmagy. Geljege nazar”, “Durnukly ulagyň ekologik jähetleri. “Ýaşyl” infrastrukturanyň ösdürilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny”, “Ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny” atly üç sany iş mejlisini özünde jemleýär.

Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary D.Mariýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň ulag, ulag-aragatnaşyk we logistika, ykdysady bölümleriniň ýolbaşçysy F.Kormilisin, Halkara Ulag Assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalary we hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek, sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjek täze geçelgeleri döretmek babatda meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmäge çalyşmagy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň üstaşyr ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, esasy işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi esasynda şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň geljegi uly türkmen bazarynda netijeli işlemegi üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar, Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmündäki garaýyşlaryndan ugur aldylar. Olar dürli ýurtlaryň ulag torlaryny birleşdirýän çylşyrymly ulgam bolan üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olaryň sebit we halkara derejelerde goşulyşmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda eýeleýän ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, durnukly ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy hem geçirildi.

Maslahatyň ikinji gününde ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmeginde ylmyň we bilimiň orny, bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şeýle-de forumyň çäklerinde sylaglaýyş dabarasy geçirildi we özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Forumyň işi tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegine, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline we Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna gezelençler guraldy.