Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy tamamlandy. Duşuşygyň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň kabul eden çözgüdi esasynda Täjigistanyň Prezidentiniň 5-nji Konsultatiw duşuşygy Duşanbe şäherinde geçirmek baradaky teklibi oňlandy. Şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýän Täjigistanyň ygtyýarlyklary bir ýyl uzadyldy. Şoňa laýyklykda, 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 5-nji ýubileý Konsultatiw duşuşygyny hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisini bilelikde geçirmek göz öňünde tutulýar.

2019-njy ýylda Täjigistan 3 ýyl möhlet bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlyklygyny kabul edipdi. Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy soňky gezek Türkmenistanda geçirilipdi. 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň başlyklygyny alyp barypdy. Araly halas etmegiň halkara gaznasy 1993-nji ýylda döredilip, onuň maksady Aral deňiziniň basseýnindäki durmuş-ykdysady we ekologik ýagdaýy gowulandyrmakdan ybaratdyr.