20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň
Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş
merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Üç gektar meýdanda ýerleşýän bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkiýäniň «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy amala aşyrdy. Onuň gurluşygyna ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar. Merkezde netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilip, bu ýerde ýöriteleşdirilen enjamlaryň 55-si gurnaldy. Toplum ugurdaş bölümleri, barlaghanany, edara binasyny, mejlisler jaýyny, arhiwi, ammary, tehniki, kömekçi jaýlary we beýleki zerur düzümleri öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde işgärler üçin lukmançylyk otagy, aşhana, naharhana göz öňünde tutulandyr.
Täze merkez Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk desgadyr. Bu ýerde iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda «General Electric» kompaniýasynyň gaz turbinalary abatlanylar hem-de olara hyzmat ediler. Ähli işler ýokary hil derejesinde, ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmeginde ýerine ýetiriler. Merkezde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyna laýyklykda, degişli okuwlar guraldy hem-de «General Electric» kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky hyzmat ediş merkezlerine birikdirmek bilen, onlaýn görnüşde nazary we amaly okuwlar geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tanslary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze desganyň toý bagyny kesdi. Soňra merkeziň dolandyryş binasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi.
Täze desga Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydyr
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara we pudagyň işgärlerine ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda möhüm desganyň – Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýändigini aýtdy. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Häzirki wagtda-da bu pudakda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, amala aşyrylýan giň gerimli işler ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, onuň eksport ugurlaryny köpeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Şu gün ulanmaga berilýän merkez hem energetika pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Merkeziň gurluşygyny «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edilen. Abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşy ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Merkezde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler.
Häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan täze desga Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydyr. Şular ýaly iri taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek biziň baş wezipämiz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýene-de bir iri desganyň – Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, energetika pudagynyň işgärlerine bolsa berkarar döwletimiziň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy
Soňra «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Ol şu gün ulanmaga berilýän ýokary tehnologiýaly merkeziň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary we goldawy netijesinde gurlandygyny nygtady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika pudagynyň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Täze energetika ulgamlaryny döretmek boýunça möhüm çäreler geçirilýär, bu pudakda öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler gazanyldy. Içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly möçberde üpjün etmek bilen bir hatarda, onuň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary ösüş depginlerine eýe boldy.
Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi enjamlaryň ýokary hilli abatlanylmagyny hem-de uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz hem-de doly güýjünde işledilmegine ýardam berer. Häzirki döwrüň ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary talaplary hasaba alnyp gurlan bu desga tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Işgärleriň hünär taýýarlygyny, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş desgalarda okuw-iş tejribeliklerini guramak arkaly kämilleşdirmek hem-de tejribe alyşmak üçin ähli zerur şertler döredilendir. Şeýlelikde, täze merkez dünýädäki şeýle desgalaryň hatarynda iň döwrebap we öňdebaryjy desga bolup durýar.
«General Electric» kompaniýasy Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşy
Soňra ABŞ-nyň «General Electric Gas Power Europe» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Braýs Raisine söz berilýär. Ol hormatly Prezidentimize ýüzlenip, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. «General Electric» kompaniýasy indi 25 ýyldan gowrak wagt bäri energetika pudagyny ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşy bolup durýar. Geçen ýyllarda kompaniýa Türkmenistanda gazanylan uly üstünlikleriň şaýady boldy.
Bu merkezde energetika enjamlaryny abatlamak we hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn esasda oňyn çözgütler durmuşa geçiriler. Netijede, gaz turbina enjamlaryny abatlamak üçin daşary ýurtlara ibermek zerurlygy aradan aýrylar. Olary döwrebaplaşdyrmak üçin bu ýerde «General Electric» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýasy peýdalanylar. Munuň özi ýangyjyň netijeli sarp edilişini ýokarlandyrmagyň hasabyna serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer. Bu innowasion çözgüt enjamlaryň ulanyş möhletini uzaltmaga-da ýardam eder.
Soňra «General Electric Gas Power Europe» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary dabaraly ýagdaýda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine «General Electric» kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänamany gowşurdy.
Halkara güwänamalar gowşuryldy
Soňra Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy barada Beýik Britaniýanyň «The London Energy Club» kompaniýasynyň güwänamasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Fraunhofer» adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänama, Güwänamalaşdyrmak hem-de baha bermek boýunça halkara gurama – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «TUV» kompaniýasynyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänama, «Duisburg-Essen» uniwersitetiniň (GFR) ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamasy gowşuryldy.
Güwänamalary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşýanlara wideofilm görkezildi. Film merkeziň işi, onuň niýetlenilen ugry hem-de esasy tehniki häsiýetnamalary barada düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Täze desganyň bölümleri bilen tanyşdyryldy
Soňra döwlet Baştutanymyz abatlaýyş bölümine baryp gördi. Bu ýerde hünärmen gologramma usuly arkaly hormatly Prezidentimizi ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.
«General Electric» kompaniýasynyň gaz turbinalarynyň görnüşleriniň biriniň mysalynda 5D görnüşinde görkezilen uly göwrümli şekil birnäçe amallary öz içine alýan işleriň tehnologik halkasyny synlamaga mümkinçilik berýär. Şolaryň hatarynda enjamlary suw bilen ýuwup arassalamak hem-de zeper ýetirmezden kemçiliklerini anyklamak, mehaniki zeperleri düzetmek, kebşirlemek, gyzgyna we sowuga durnukly örtügi çaýmak, wakuum pejinde enjamlary taplamak we beýleki işler bar. Enjamlary abatlamak işleri tamamlanandan soňra, olar synagdan geçirilýär.
Merkeziň işgärleriniň adyndan hünärmen döwlet Baştutanymyza energetika pudagyny ösdürmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz abatlaýyş bölümini synlady. Onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de tehnologik üpjünçiligi bilen gyzyklandy. Bu ýerde hünärmenler döwlet Baştutanymyza geçirilýän işleriň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Merkez häzirki zaman enjamlary, şol sanda synagdan geçirmek, barlamak hem-de gaz turbinalarynyň böleklerini, içinden geçýän sowadyş ýollaryny arassalamagyň dürli usullary üçin niýetlenilen enjamlar bilen üpjün edilendir. Abatlanylýan enjamlary mehaniki taýdan işläp bejermek üçin niýetlenilen kabinada metal gyryndylaryny sorup alýan ulgam gurnalandyr. Bu ulgam işgärleriň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Tokar, radial burawlaýjy, elektroerozion we metaly ýonýan elektroerozion, lenta görnüşli ýylmaýjy ýaly häzirki zaman stanoklar merkeziň işgärleriniň ygtyýaryndadyr, olar degişli abatlaýyş işlerini ýokary takyklykda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Koordinataly ölçeg we 3 ugurly mehaniki taýdan işläp bejerýän stanoklar sanly tehnologiýalaryň binýadynda işledilýär. Boroskop arkaly gaz turbinalarynyň enjamlaryny sökmezden, olaryň içki böleklerine 4 millimetrlik ölçegli wideoenjam arkaly gözegçilik edilýär. Dartyş synagy üçin niýetlenilen stend programma üpjünçiligi arkaly dolandyrylýar hem-de metallaryň fiziki häsiýetnamalaryny kesgitlemek üçin peýdalanylýar.
Abatlanylýan enjamlara zeper ýetirmezden, olaryň kemçiliklerini ýörite madda – çäge pürkmek arkaly flýuressent ýa-da gyzyl reňk arkaly anyklamak usullary hem bar. Önümçiligi awtomatlaşdyrmak ulgamynda dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan «FANUС Robotics Europe S.A.» kompaniýasynyň önümi bolan bu senagat roboty degişli işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.
Merkezde oturdylan wakuum peji gaz turbinalarynyň abatlanylýan enjamlaryny kebşirlemezden ozal we soňra termiki taýdan işlemek hem-de metalyň kristal gözeneklerini dikeltmek ýoly bilen olary taplamak üçin ulanylýar. Ýene bir ýöriteleşdirilen peç gaz turbinalarynyň işçi pilçelerini termiki taýdan işlemek üçin niýetlenendir. Şeýle hem degişli enjamlar, gurallar we beýleki abzallar bar. Abatlanmaga degişli energetika enjamlary merkeze gelip gowşanda, ilki bilen, olar gözden geçirilýär, zerur bolan işleriň görnüşi kesgitlenilýär, soňra bolsa degişli abatlaýyş bölümlerine iberilýär.
Hünärmenler häzirki zaman merkeziniň ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Merkez bilen tanyşlykdan soňra döwlet Baştutanymyz asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.