Şweýsariýada ýol dyknyşygyny azaltmak maksady bilen ýerasty ýük gatnaw ýoly gurlar. Ýurduň Milli parlamenti bu taslamanyň başlanmagyna ygtyýar berdi. «Cargo Sous Terrain» (CST) atly taslamanyň gurluşygyna awgust aýynda girişiler. Bu taslama baradaky ilkinji teklip 2016-njy ýylda orta atyldy. Şol döwür taslamanyň bahasynyň 3,4 milliard dollar bolmagyna garaşylýardy. Emma soňra taslama giňeldildi. Soňky ylalaşylan taslamany durmuşa geçirmek üçin 35 milliard dollar sarp ediler. Şeýle taslamanyň gurulmagy baradaky pikir ýol hereketinde ýük ulaglarynyň sanynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Çaklamalara görä, geljek 30 ýylda ýol hereketi 40 göterime çenli artar. Munuň öňüni almak üçin bolsa, şeýle taslama taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde guruljak ýoluň ini 6 metre barabar bolup, 3 zolakly bolar. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar ýerasty ýoldan sagatda 30 kilometr tizlik bilen hereket ederler. Azyk harytlary we sowadylan önümler ýörite ulaglar arkaly daşalar. Şeýle hem has kiçi ulaglar üçin ikinji üstki ýol hem bolar. Taslamanyň birinji tapgyry 2031-nji ýyla çenli tamamlanar. Sýurih bilen Härkingen aralygynda guruljak ýerasty ýoluň uzynlygy 70 kilometr töweregi bolar. 2045-nji ýyla çenli bolsa, tutuş ýurdy öz içine alýan, umumy uzynlygy 500 kilometre barabar bolan ýerasty ýol gurlar.