Hü­när­men­ler hä­zir­ki ses we ýy­ly­lyk ge­çir­me­ýän ma­te­ri­al­la­ryň or­nu­ny tut­jak tä­ze memb­ra­na oý­lap tap­dy­lar. Tä­ze ma­te­ri­al su­wo­tu­dan ýa­sa­lyp­dyr. Ses yr­gyl­dy­la­ry­ny yzy­na ser­pik­dir­mek üçin ula­nyl­ýan hä­zir­ki ma­te­ri­al­lar plast­mas­sa­dan ön­dü­ril­ýär. Bu ma­te­ri­al­la­r ula­nyş­dan ga­lan­dan soň­ra gaý­ta­dan iş­len­me­gi kyn bol­ýar. Hin­dis­tan­ly hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan ma­te­ria­ly bol­sa su­wo­tu­dan ýa­sa­lan­dy­gy üçin te­bi­ga­ta hiç hi­li ze­per ýe­tir­me­ýär. Hin­dis­ta­nyň Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan ýu­ka plas­tin­ka­sy­nyň ga­lyň­ly­gy hem-de gö­ze­nek­le­ri­niň gur­lu­şy adat­da­ky­lar­dan ta­pa­wut­ly. Tä­ze önü­mi sy­nag et­mek üçin iki mik­ro­fon, bir ses ga­tal­dy­jy we tä­ze taý­ýar­la­nan plas­tin­ka­ny ulan­dy­lar. Mik­ro­fon­la­ryň bi­ri ses ga­tal­dy­jy­nyň, beý­le­ki­si plas­tin­ka­dan yzy­na ser­pi­gen se­si ýaz­ga ge­çir­di. Ne­ti­je­de, tä­ze plas­tin­ka hä­zir­ki wagt­da ula­nyl­ýan ada­ty plas­tin­ka­lar bi­len meň­zeş ne­ti­je gör­ke­zip­dir. Bi­ler­men­ler bio­lo­gik ba­bat­da eräp ýok bo­lup gid­ýän bu ma­te­ria­ly ön­dür­mek üçin ne­bit-hi­mi­ýa se­riş­de­le­ri­ne ze­rur­ly­gyň ýok­du­gy se­bäp­li daş­ky gur­şa­wyň aras­sa sak­lan­ma­gy­na go­şant go­şup bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Hü­när­men­ler bu ma­te­ria­lyň oda çy­dam­ly bol­ma­gy üçin ta­gal­la ed­ýär­ler. Şeý­le hem bu ma­te­ria­ly ön­dür­mek üçin beý­le­ki ösüm­lik­ler­den peý­da­lan­ma­k göz öňün­de tutul­ýar­.