Angliýanyň “Arsenal” topary çempion “Mançester Sitiniň” ýene bir futbolçysyny düzümine goşdy. Mälim bolşy ýaly, topçular braziliýaly hüjümçi Gabriel Žesusy transfer edipdi. Londonlylar bu gezek “Sitiniň” çep gyraky oýunçysy Aleksandr Zinçenkony transfer etdi. Topar 25 ýaşly goragçy/ýarymgoragçy bilen uzak möhletleýin şertnama gol çekişdi. “Arsenal” topary Zinçenko üçin “Mançester Siti” toparyna 30 million ýewro berer. Goşmaçalar bilen onuň üstüne ýene-de 2 million ýewro hem goşulmagy mümkin. “Mançester Sitide” umumylykda 128 duşuşyk geçiren Zinçenko 2016-njy ýylda Russiýanyň “Ufa” toparyndan transfer bolupdy. Şonda “Mançester Siti” Zinçenko üçin rus klubuna 2 million ýewro töläpdi.  Zinçenko Arsenalyň şu möwsümde düzümine goşan 5-nji futbolçysydyr.