Düýn agşam “Ýewrowideniýe 2022” aýdym-saz bäsleşiginiň ýarym tapgyry geçirildi. Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýän bäsleşigiň 10-njy maýda birinji tapgyry, 12-nji maýda ikinji tapgyry geçirilip, finalda çykyş etjek 25 ýurt belli bolupdy. Düýn agşam geçirilen final tapgyrynda köpleriň çak edişi ýaly, Ukrainanyň “Kaluş Orkestra” topary birinji boldy. 66-njy gezek geçirilýän bäsleşik 45 ýurtda göni ýaýlym arkaly tomaşaçylara ýetirildi. Ýaryş geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Italiýanyň Turin şäherindäki “Pala Olimpico” salonynda geçirildi. Finalda 25 ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Ukrainanyň adyndan çykyş eden “Kalush Orkestra” topary “Stefania” atly aýdymy bilen 631 bal aldy. Birleşen Patyşalyk 466, Ispaniýa 459, Şwesiýa 438, Serbiýa 312 we Italiýa 268 bal aldy.
Angliýaly Sem Raýders “Space Man” aýdymyny aýtdy. Üçünji ýeri alan Ispaniýanyň “Chanel” topary “SloMo” aýdymyny ýerine ýetirdi.
Ýeňiji bolan Ukraina mundan ozal 2004-nji we 2016-njy ýylda hem birinji bolupdy. Ýer eýesi Italiýadan Mahmud we Blankonyň ýerine ýetiren “Brividi” aýdymy 268 bal alyp, altynjy boldy.
Germaniýadan Malik Harrisiň “Rockstars” atly aýdymy bary-ýogy 6 bal alyp soňky basgançaga düşdi.
Ýaryşa bu ýyl 41 ýurt gatnaşdy. 17 ýurt birinji tapgyrda, 18 ýurt ikinji tapgyrda finala çykmak üçin hukuk gazanypdy.