ABŞ-nyň San Diego şäherinde geçirilen «Comic-Con» çäresinde kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan «Ar alyjylar» (Avengers) filmler toplumynyň 5-nji we 6-njy kinolarynyň ekranlara çykaryljakdygy mälim edildi. Bu şatlykly habary «Marvel» studiýasynyň prezidenti Kewin Faýginiň özi habar berdi. «Marvel» kinematografik dünýäsiniň 6-njy tapgyrynyň çäklerinde görkeziljek bu iki iri taslama «Ar alyjylar: Kang dinastiýasy» (Avengers: The Kang Dynasty) hem-de «Ar alyjylar: syrly söweşler (Avengers: Secret Wars) diýlip atlandyrylýar. Iki film hem 4-nji kino bolan «Ar alyjylar: oýnuň soňy» (Avengers: Endgame) filminden 6 ýyl soň, ýagny 2025-nji ýylda ekranlara çykarylar. Faýgi «Ar alyjylar: tükeniksiz uruş, «Ar alyjylar: oýnuň soňy», şol sanda «Kapitan Amerika: gyş esgeri» hem-de «Kapitan Amerika: ýaranlyk urşy» filmlerini surata düşüren Russo doganlaryň (Jou we Entoni) režissýorlyk etmejekdigini aýtdy. Ýöne esasy sowal filmde haýsy gahrymanlaryň surata düşjekdigi kino muşdaklaryny içgin gyzyklandyrýar. Gahrymanlardan Kapitan Marwel (Bri Larson), Doktor Streýnj (Benedikt Kumberbetç), täze Kapitan Amerika Sem Wilson (Entoni Meki), Wong (Benedikt Wong), Şan-Çi (Simu Lui) dagynyň «Ar alyjylar» 4-nji we 5-nji filme dolanjakdygy belli. Ýene-de öňümizde 3 ýyl bar. Haýsy-haýsy gahrymanlaryň peýda boljakdygyny, ozalkylaryň käbirleriniň dolanyp-dolanmajakdygyny wagt görkezer.
Ýeri gelende aýtsak, 6-njy tapgyryň «Fantastiki dörtlük» (Fantastic Four) filminiň hem 224-nji ýylyň 8-nji noýabrynda ekranlara çykaryljakdygy habar berildi.