Adamzat gadymy döwürlerden bäri tebigatyň baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak barada dürli çäreleri durmuşa geçirip gelýär. Häzirki wagtda bolsa, ýurdumyzda öri meýdanlarynyň ösümlik örtügini goramak, ol ýerleri wagtal-wagtal çalşyp durmak, guşlaryň we beýleki awlanýan haýwanlaryň köpelýän döwründe olaryň awlanmagyny gadagan etmek ýaly ençeme ynsanperwer çäreler geçirilýär.
Paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde hem-de şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary, häzirki wagtda boý alyp, uly daragtlara öwrüldi. Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şonuň üçin hem, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ekilen arça agaçlaryň aralyklary guran dürli haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilmelidir. Her bir bölünip berlen çäkler ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlatmalar görünýän ýerde goýulmalydyr. Bölünen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine ýörite jogapkär adamlar bellenmelidir. Tämiz howaly, akar suwly tokaý-seýilgäh zolaklarynda dynç alnanda zerurlyk bolanda ot ýakmak üçin çägeli ýer ýa-da akar suwuň golaýy saýlanyp alynmaly. Ot ýakylmazdan öň ot ýakyljak ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmaly. Ýarym metr çuňlukda oý ýerde ýa-da ot ýakyljak ýer daşly bolanda, töweregine daş örülmeli. Otdan peýdalanyp bolnandan soň, suw sepilip ýa-da gum, çäge sürlüp doly söndürilmeli.
Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde söndürilmedik çilim, otluçöp galyndysyny taşlamak howpludyr. Tebigatdaky dürli görnüşli ösümlikler howanyň gyzmagy bilen gurap, ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Şol sebäpli dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplary we aýna döwükleri galdyrylmaly däl, sebäbi şol aýna gaplar Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen ýangynyň döremegine sebäp bolup bilýär.
Gözel tebigatymyzyň öri meýdanlarynda hem howanyň gyzmagy bilen ýangyn döremek howpy emele gelýär. Şol sebäpli mallaryň suwa ýakylýan guýularyň 500 metr daş-töwereginde ini 3,5 metrden az bolmadyk iki sany araçäklerde hem-de öri meýdanlaryň we demir ýollaryň ýakalaryndaky ekin meýdanlarynyň daş-töweregi ini 10 metrden az bolmadyk araçäklerde sürüm işleri geçirilmeli.
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri meýdanlarda, sähralarda, daglarda we tokaýlarda islendik işleri geçirenlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmelidir.
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri, içerki gullugyň kapitany.