Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ähli musulmanlaryň nurana baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 275-si “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we dünýäniň ähli künjeklerinden mukaddes Käbä sežde etmäge gelen zyýaratçylaryň köp sanlysynyň hataryna goşuldylar.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler. Olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.