Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijisi “Volkwagen” elektrik energiýasy bilen işleýän uçýan taksisini köpçülige görkezdi. “V.MO” atly nusgalyk ulag bir gezekki zarýady bilen 200 kilometr ýol geçýär. Häzire çenli uçýan ulaglaryň birnäçe görnüşi tanyşdyryldy. Kiçi göwrümli uçýan ulaglary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň sany bolsa yzygiderli artýar. “Volkswagen Group China” tarapyndan taýýarlanan taslama Angliýanyň “Tangerine” dizaýn kompaniýasy we Hytaýyň “Sunward” awiakompanýasy goldaw berýär. Howa ulagy şäherara ýolagçy gatnawy üçin niýetlendi. Uzynlygy 2 metr, giňligi 10,6 metr bolan ulagyň dikligini göterilmegi üçin sekiz peri we uçmak üçin iki sany yzky hereketlendirijisi bar.
“Volkswagen China” täjirçilik maksatly ulagyň dolulygyna awtonom hereket edip biljekdigini, goşlary bilen bile dört ýolagçyny göterip biljekdigini habar berýär. Taýýarlanan nusgalyk ulagyň ýylyň ahyrynda synag uçuşlaryna başlanar.