2023-nji ýylda GDA-nyň başlyklygy Gyrgyz Respublikasyna geçip biler. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar berdi.
-Döwlet Baştutanlary geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiniň meselelerinden biri geljek ýyl GDA-da başlyklyk meselesi bolar. Gyrgyz Respublikasynyň bu başlyklygy kabul etmegi üçin eýýäm razylyk aldyk. Gyrgyzystan рйяшклш цфпевф egindeş başlyk bolup durýar. 2023-nji ýylda Gyrgyzystanyň başlyk bolmagyna garaşylýar – diýip, Sergeý Lebedew aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystan geljekki başlyklyga taýyn. Meniň bilşime görä, beýleki döwletler Gyrgyzystanyň bu islegini goldaýar. Şeýle hem, 14-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň geljek ýyl GDA-nyň başlygy boljakdygy barada kararyň kabul ediljekdigine ynanýaryn – diýip, Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy aýtdy. Golaýda döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň yzygiderli ýygnagy – GDA-nyň gatnaşyjylarynyň we Arkalaşygyň beýleki guramalarynyň maslahaty Minskdäki GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde geçirildi. Duşuşykda hemişelik wekiller 13-nji we 14-nji oktýabrda Nur-Sultanda geçiriljek daşary işler ministrleri geňeşiniň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň yzygiderli mejlisleriniň gün tertibini düzüp, tekliplere garadylar. Şeýle-de GDA-nyň hökümet Baştutanlary geňeşiniň mejlisini 28-nji oktýabrda Gazagystanyň paýtagtynda geçirmek meýilleşdirildi.