Ispaniýa Fransiýa bilen aralygyndaky Bidasao derýasyndaky Faýzan adasyny Fransiýa berdi. Uzynlygy 200 metre barabar bolan, ýokardan seredilende pişme şekilli ada iki ýurt belli wagt aralygynda gezekli-gezegine eýeçilik edýär. Ispan kenaryndan 10 metr, fransuz kenaryndan 20 metr uzakdaky adanyň Fransiýa berilmegi bilen bagly dabara geçirildi. Adanyň Fransiýa tarapynda Andaý şäheri, Ispaniýa tarapynda Irun şäheri bar. Ada geljek ýylyň fewralyna çenli Fransiýanyň çägine degişli bolar. Fewraldan başlap alty aýlygyna ýene-de Ispaniýa geçer. Iki ýurduň arasyndaky parahatçylygyň simwoly hasaplanýan bu adadaky şeýle däp, 360 ýyldan bäri dowam edýär. Adada hiç hili ilat ýaşamaýar.