1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap
«Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Deňiz kenarynda ak mermerli kaşaň myhmanhanalar, kottej şäherçeleri, ýaht-klublar, çagalar sagaldyş merkezleri, sport desgalary guruldy, dynç alyş seýilgähleri we ýaşyl zolaklar, emeli derýa döredildi. Bularyň hemmesi, şol sanda ulag we inženerçilik-tehniki düzümleriň desgalary-da öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de gurluşyk, binagärlik we bezeg ulgamlaryndaky özboluşly çözgütleri peýdalanmak arkaly, täzeçil çemeleşmeleriň esasynda bina edildi.
240 maşgala niýetlenen kottej şäherçesi
Täze açyljak toplumyň ýanynda dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşy aldylar. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-tansly kompozisiýasy dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girýär we onuň hyzmat ediş merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde bir wagtda 900-e golaý adamy kabul etmäge ukyply hem-de 240 maşgala niýetlenen kottej şäherçesiniň düzümleri bilen tanyşýar.
Bu taslama Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasy hem-de «Güneşli deňiz», «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyryldy. Gurluşygy üçin 10 gektar ýer bölünip berlen toplumyň abadanlaşdyrylan çäginde ähli amatlyklary bolan 48 sany 2 gatly kottejler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary, ýüzmek üçin açyk howuz ýerleşýär. Hyzmat ediş merkezinde restoran ýerleşdirilip, bu ýerde dynç alýanlara ýokary hilli hyzmatlar üpjün ediler. Hyzmat ediş merkeziniň binasynyň öňünde çagalar ýene-de öz çykyşlary bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça bilelikde ýadygärlik surata düşüp, toplum bilen tanyşmagyny dowam etdi.
Milli we daşary ýurt aşhanasynyň tagamlarynyň sergisi
Ýolugra hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýöriteleşen kärhanalary tarapyndan guralan milli we daşary ýurt aşhanasynyň tagamlarynyň sergisi hem-de türkmen telekeçileriniň önümleri bilen tanyşdy.
Hödürlenilýän tagamlaryň arasynda gadymy usullara görä, sygyr, goýun, guş hem-de balyk etinden taýýarlanylan naharlar, däneli ösümliklerden, gök we bakja önümlerinden taýýarlanylan her dürli tagamlar, çorbalar, hamyrly önümler, süýt önümleri hem-de içgiler bar. Olardan tamdyrlamany, işleklini, ýarmany, dogramany, palawyň dürli görnüşlerini, çorbany, pişmäni, süzmäni, çaly, agarany we köp sanly beýleki tagamlary agzap geçmek bolar. Şunuň bilen birlikde, sergide ussat aşpezleriň deňiz önümlerinden taýýarlan özboluşly tagamlary hem-de süýjülikleri görkezildi.
Türkmen telekeçileriniň peýnirleriň, şöhlat, süýt hem-de süýji-köke önümleriniň, alkogolsyz içgileriň, miwe şireleriniň, doňdurmanyň ýokary hili bilen tapawutlanýan dürli görnüşlerini öndürýändiklerini bellemek gerek.
Bulardan başga-da, sergide ýurdumyzda öndürilýän ter gök we bakja önümleri görkezildi. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde bereketli türkmen saçagynyň bolçulygy özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklar bar
Soňra hormatly Prezidentimiz kottejlere tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde dynç alýanlar üçin döredilen şertler, otaglaryň ýerleşdirilişi hem-de enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Kottejlerde maşgala bolup dynç almak üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.
Öýleriň her birinde mebeller bilen üpjün edilen ýatylýan hem-de myhman otaglary, degişli enjamlar ornaşdyrylan aşhana bar. Dynç alýanlar isleglerine görä, bu aşhanada nahar taýýarlap bilerler. Otaglaryň içki bezegi milli äheňde ýerine ýetirilipdir.
Bu ýerde dynç alýanlar üçin adam bedeniniň berkidilmegine gönükdirilen fiziobejergileriň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilen karaoke-bar göz öňünde tutulan. Bir söz bilen aýdylanda, «Rowaç» öz myhmanlary üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär.
Kottejler toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplum üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi TSTB-niň agzalarynyň mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.