Hä­zir­ki wagt­da dür­li su­wuk ha­ryt­la­ry – gaz­ly iç­gi­le­ri, ösüm­lik ýa­gy­ny, azyk önüm­le­ri­niň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni, aras­sa­çy­lyk we teh­ni­ki se­riş­de­le­ri gap­la­mak üçin adat­ça plast­mas­sa gap­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Bu ma­te­ri­al ýe­ňil, berk we ar­zan bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Berk­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, plas­tik gap­la­ry­ aň­sat­lyk bi­len ke­sip bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu önü­mi ula­nyş­dan ga­lan­dan soň­ra-da dür­li mak­sat­lar üçin ula­nyp bol­ýar.
Ame­ri­kan in­že­ne­ri Na­tan­iel Waýet (1911-1990ý.) plast­mas­sa ma­te­ria­ly­ny ön­dür­mek üçin bir­nä­çe ýyl zäh­met çek­ýär. Ol bu ma­te­ria­ly gaz­ly içim­lik­le­ri gap­la­mak mak­sa­dy bi­len ön­dür­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Waýet bu ugur­da iş alyp bar­ýan kär­de­şin­den plast­mas­sa­dan ön­dü­ri­len çüý­şä gaz­ly iç­gi gu­ýup bol­jak­dy­gy­ny ýa-da bol­ma­jak­dy­gy­ny so­ra­ýar. Kär­de­şi oňa şeý­le ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan çüý­şä gaz­ly su­w guý­lan­da ýa­ry­lyp bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Waýe­tiň il­kin­ji ge­çi­ren sy­na­ny­şyk­la­ryn­da gaz­ly iç­gi­ler guý­lan çüý­şe­ler süýn­ýär. Se­bä­bi, il­ki­baş­da­ky plast­mas­sa­lar ýe­ter­lik de­re­je­de ga­ty bol­man­dyr. Ge­çi­ri­len tej­ri­be­le­riň ne­ti­je­sin­de, Waýet plast­mas­sa­ny eme­le ge­tir­ýän mo­le­ku­la­la­ryň bir-bi­ri­ne has ýa­kyn bo­lan­da, onuň has berk bol­jak­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. In­že­ner plast­mas­sa­ny neý­lon bi­len ga­ryş­dy­ryp, ozal­dan ýa­sa­lan ga­ly­ba guý­ýar. Er­gin hal­da­ky plast­mas­sa çüý­şe şe­kil­li ga­ba guý­lup, içi­ne ho­wa goý­be­ri­len­de, çüý­şe şe­kil­li bol­ýar. Şeý­le-de bol­sa, Waýe­tiň il­kin­ji sy­na­ny­şyk­la­ry şow­suz ta­mam­lan­ýar. Bu me­se­lä­ni çöz­mek üçin in­že­ne­r müň­ler­çe tej­ri­be ge­çir­me­li bo­l­ýar. Ne­ti­je­de, Waýet uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ge­çi­ren tej­ri­be­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, neý­lon bi­len po­lip­ro­pi­le­ni ga­ryş­dyr­mak pi­ki­rin­den dä­nip, onuň ýe­ri­ne po­lietilen-tere­fta­lat (PET) ga­ryn­dy­sy­ny ulan­mak ka­ra­ry­na gel­ýär. Şeý­le­lik­de, ol 1973-nji ýyl­da örän çe­ýe, em­ma şol de­re­je­de çy­dam­ly bo­lan ma­te­ria­ly oý­lap tap­ýar. Do­lu­ly­gy­na du­ry, ýag­ny aňyr­sy aý­dyň­ly­gy bi­len gö­rün­ýän bu ma­te­ri­al içi gö­rün­ýän­di­gi se­bäp­li içim­lik gap­la­mak üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar. Üs­te­si­ne-de, ony bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­dan hem ula­nyp bol­ýar. Şol dö­wür­ler gaz­ly suw­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň art­ma­gy plast­mas­sa gap­la­ra bo­lan is­le­gi gör­ne­tin ýo­kar­lan­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, bü­tin dün­ýä­de gaz­ly iç­gi­le­riň tas äh­li­si di­ýen ýa­ly plas­tik çüý­şe­le­re gap­lan­ýar.
Dür­li gör­nü­şi bo­lan plas­tik ma­te­ri­al­la­ry bir­nä­çe ge­zek gaý­ta­dan iş­läp bol­ýar. Köp ýurt­da bu ma­te­ri­al­lar ýol gur­lu­şy­gyn­da as­fal­ta go­şul­ýan bol­sa, köp ýer­de sü­ýüm al­nyp, aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da, ha­ly önüm­çi­li­gin­de we beý­le­ki ugur­lar­da peý­da­la­nyl­ýar. Plas­tik gap­lar gaý­ta­dan ula­ny­lan­da, on­dan içi gö­rün­ýän gap ön­dü­rip bol­ma­ýar. Ikin­ji ge­zek çig mal hök­mün­de peý­da­la­nyl­ýan plas­tik çüý­şe­ler­den hi­mi­ki we aras­sa­la­ýyş se­riş­de­le­ri­ni gap­la­mak üçin reňk­li gap­la­ry ön­dü­rip bol­ýar. Plast­mas­sa gap­lar­dan alyn­ýan sü­ýüm, şeý­le hem ma­ta dür­li önüm­le­ri taý­ýar­la­mak­da ula­nyl­ýar. ABŞ-da po­li­es­ter ha­ly­la­ryň ýa­ry­synyň önümçiliginde ula­nyş­dan ga­lan plast­mas­sa gap­lar­dan peý­da­la­nyl­ýar.