Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri bolan kengurularyň, agaçlaryň üstünde ýaşaýan görnüşi hem bolýar. Olara agaç kengurulary diýilýär. Agaç kengurulary daşky görnüşi boýunça adaty kengurulara onçakly çalym etmeýär, kellesi süýri däl-de, tegelek, yzky aýaklary hem gysga. Olaryň ýumşak ýüňi açyk goňrumtyl-sary reňkli bolup, aýagy agaja dyrmaşmak üçin amatly. Uzynlygy 80 sm ýetýän güýçli ösen tüý örtükli guýrugy agaçlaryň üstünde hereket etmäge, şahadan-şaha bökmäge, deňagramlylygy saklamaga ýardam edýär. Görnüşiň latynça ady “Dendrolagus goodfellow pulcherrimus” bolup, köp ýaýran ýeri Täze Gwineýanyň çygly tokaýlyklary hasaplanylýar, seýrek halatda Awstraliýanyň demirgazyk zonasynda gabat gelýär. Agaç kengurusyny ilkinji bolup öwrenen alym, awstraliýaly biolog Tim Flaneridir. Agaç kengurularynyň şahalaryň arasynda özlerini alyp barşy käte maýmynlara hem çalym edýär.
Agaç kengurulary çygly tokaýlyklardaky gök otlar, gülleri hem şireli tohumlar bilen iýmitlenýär. Bu görnüşleriň ýabany tebigatdaky görnüş sanynyň san taýdan azalýandygy sebäpli degişli zonalarynda, sebitlerinde goralyp saklanýar.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby