14-nji awgustda türkmen deňiz kenarýakasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezildi.
İlki myhmanlar we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde sergi guraldy. Bu sergi raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalar barada gürrüň berýär.
Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň Halkara howa menzilleriniň, Jebel we Kerki howa menzilleriniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe awiakompaniýalarynyň wekilhanalarynyň sergi bölümleri görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gaty giň gerimli sergini guramak üçin meýdança öwrüldi. Bu terminal täsin innowasion desga bolup, onuň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy.
Sergide “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň sergide görkezen köp sanly diwarlyklaryny bolar. Olarda ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda islegleriň kanagatlandyrylmagyny, şeýle hem Diýarymyzyň bu ugurda iş alyp barýan wekillerini içerki we daşarky bazarlarda ulag işlerinde we hyzmatlarda bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion işjeňlik üçin şertleri döretmegi üpjün etmäge gönükdirilen ýokary netijeli ulag düzümleriniň kemala gelýändigi beýan edilýär.
Gözden geçirilişe logistika ugurly kompaniýalar — «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşdylar. Şolaryň işleri bu ulgamda iri möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýedir. Sergä gatnaşyjylaryň ençemesi iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly iri göwrümli ýükleri daşamakda mümkinçiliklerini görkezdiler.
BMG-niň dürli düzümleýin bölümleri, halkara guramalar, Döwlet gümrük gullugy we beýlekiler sergi diwarlyklaryny wideogörnüşde görkezdiler.
Serginiň esasy ugurlarynyň biri ýükleriň daşalyşydyr. Bu bölüme gatnaşýanlar ammarlarda işleriň alnyp barlyşyna syn bermegiň toplumlaýyn ulgamynyň hem-de serişdeleriň we önümleriň içerki önümçilik logistikasynyň, ulag ulgamy, logistika we intralogistika, şeýle hem dünýä bazarlarynda üstünlik gazanmagyň esasy ýagdaýy hasaplanylýan harytlary ulaglar arkaly daşamakda tiz, ýokary hilli we gymmat bolmadyk hyzmatlar üçin IT-çözgütleriň tanyşdyrylyşlaryny görkezdiler.
Sergide täze tehnologiýalaryň, gologrammalaryň, interaktiw kartalaryň, sensor ekranlaryň, köp sanly multiproýektorlaryň ulanylmagy myhmanlara ulag-aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hem-de taslamalaryň netijelerini örän aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.
Sergä gelenler ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan bölümi gözden geçirenlerinden soňra, ýolagçy-parom terminalynyň ikinji gatyna düşýärler we şol ýerde ýolagçy köprüsi boýunça awtoulaglaryň gämä ýüklenilişini synladylar.
Halkara deňiz porty barada maglumat
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň düzümine parom, ýolagçy terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody, şeýle hem ulag üpjünçiligi: estakadaly ýol aýrytlary bolan awtoulag ýollary we demir ýollar bilen birlikde, kenar düzümine degişli köp sanly desgalar girýär.
Portuň iň uly desgalarynyň biri umumy ýük terminaly bolup, onuň kuwwatlylygy ýylda ortaça 4 million tonna ýük geçirijiliginden ybaratdyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, polat, demir, agaç materiallary, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ibermäge niýetlenendir. Bu terminalyň gämi duralgasynyň ýanynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämiler bilen bir wagtyň özünde iş alyp baryp bolýar. Ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin kuwwatly rels we mobil port kranlary hyzmat edýär.
Portuň konteýner terminalynyň bir wagtda 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, ýörite ammarlarda dänäni saklamak mümkinçiligi üpjün edildi. Port ýükler bilen iş alyp barmak üçin iň täze enjamlara hem-de ýük götermäge niýetlenen ýörite ulag tehnikasyna eýedir. Mysal üçin, konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşli duralga ýük ýükleýjileri işleýär. Şu ýerde hem wezipesine ýükleri niýetlenen ugurlary boýunça paýlamak işi girýän baş paýlaýjy merkez bar.
Ürgün ýük terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksiti, alýuminini, kömri, iýmleri, dökünleri, şeýle hem dänäni, gant şekerini, duzy we beýlekileri ýüklemek üçin niýetlenendir, olary saklamak üçin bolsa ammarlar we bunkerler guruldy.
Gämileri dolandyryş merkezi porta girýän gämileriň nawigasiýasyny howpsuz üpjün etmek üçin guruldy hem-de Halkara deňiz guramasy tarapyndan teklip edilen dünýä ölçegleriniň derejesindäki häzirki zaman nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutulandyr.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, bu ýerde syýahatçylaryň oňaýlylygy we işgärleriň işlemegi üçin döredilen şertler ugurdaş düzümlere bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda birbada iki gämi ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat edip bilýär. Polipropileni saklamak we ýüklemek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, munuň şeýledigine bolsa, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär. Türkmen polipropilenini Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar sarp edýär. Eksport harydyň agramly bölegi deňiz bilen daşalýar.