HHR-iň merkezi teleýaýlymynyň habaryna görä, Hytaý dünýäde ilkinji magnitli asma demir ýol liniýasyny işe girizdi. Bu demir ýol Hytaýyň günortasynda, Szýansi welaýatynda gurlup ulanmaga berildi. Desganyň uzynlygy 800 metr, ýeriň üstündäki beýikligi on metrdir. Bu mehanizm hemişelik magnitler bilen işläp, 88 ýolagçyly otlyny göterip bilýär. Szýansiniň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, otlynyň hereketi üçin sürtülmäniň ýokdugy sebäpli, az mukdarda elektrik energiýasyny sarp edilýär. Şeýle ýoly gurmak üçin çykdajylar metro liniýasyny gurmak üçin çykdajylaryň ondan bir bölegine deňdir.
Geçen ýyl Hytaý sagatda 600 kilometr tizlige ýetip bilýän magnit esasly otlyny görkezdi. Bu otly dünýäde deňi-taýy bolmadyk aýratynlyklary bilen tapawutlanýan özboluşly gury ýer ulagydyr.