Ýeňil we ýük ulaglaryny hem-de awtobuslary öndürýän “Toyota Motor” (“Toyota”, “Daihatsu”, “Hino” brendleri) kompaniýasynyň önümçiligi 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda 4,8 göterim artdy. Degişli döwürde 840,1 müň ulag öndürildi. Ulaglaryň 329 müňi Ýaponiýada taýýar edildi. Şeýle hem Ýaponiýanyň bazarynda bu ulaglaryň satuwy hem ýokary depgine eýe bolýar. Hasabat döwründe ýapon bazarynda 170 müň ulag satyldy.