ABŞ-nyň Senaty 79 ýaşly milliarder Uilbor Rossuň ýurduň söwda ministri üçin dalaşgärligini tassyklady. Bu barada “Reuters” habarlar gullugy habar berýär. Onuň dalaşgärligi üçin ABŞ-nyň Kongresiniň ýokary palatasynyň düzümindäki 74 wekil ses berdi. Olaryň agramly bölegi Uilbor Rossuň dalaşgärligini tassyklaýar. Milliarder maýa goýum bilen meşgullanýar. Şeýle hem ol polat we kömür pudaklarynda işleýän “W.L. Ross & Co” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Rossuň 2,9 milliard dollar möçberinde emläginiň bardygy aýdylýar.