Türkiýäniň müşderileriniň salgylaryna nahar eltip berýän “Yemeksepeti” şereketi müşderisine nahar ibermek üçin ilkinji gezek drondan peýdalandy. Onlaýn sargyt kabul edýän şereket naharlary ibermegiň täze usullaryny işläp taýýarlaýar. Şereket naharlary salgysyna ibermek üçin mundan ozal awtonom robotdan we gidrosiklden (suwuň ýüzünde hereket edýän, motosikl ýaly sürülýän kiçi suw ulagy) peýdalanypdy. Şäherden uzak ýerler üçin bolsa, dronlaryň peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň üçin synag işlerini geçirýän şereket Stambul bogazyndaky gaýyga nahar iberdi. Bogazyň ýakasyndaky restoranlaryň birinde taýýarlanan agramy 3,5 kilograma barabar bolan nahar dron bilen gaýyga iberildi. Dron gaýygyň üstüne gonman, howadan ýörite kran arkaly aşaklygyna iberildi. Şäherde mundan ozal hem gaýyklara dronly nahar eltip bermek hyzmaty synagdan geçirilipdi.