Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni 25-nji sentýabrda geçiriljek saýlawlarda parlamentiň ýokarky palatasyna (Senata) dalaş etjekdigini habar berdi. 85 ýaşly syýasatçy žurnalistler bilen söhbetdeşlikde: – Senata dalaşgärligimi hödürlemekçi, netijede, “Öňe, Italiýa!” partiýasynyň agzalarynyň we beýlekileriň tutanýerli haýyşlaryndan soň hemmäni kanagatlandyrmagy maksat edindim – diýip, belledi.
Berluskoni, “Liga” we “Italiýanyň doganlary” bilen bilelikde merkezi sagçy koalisiýanyň bir bölegi bolan “Öňe, Italiýa!” partiýasynyň hemişelik lideri bolup durýar. Bilermenler bu koalisiýanyň pikir soralyşyk geçirilen halatynda öňdeligi eýelejekdigine ynanýarlar. 21-nji iýulda Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi öz hökümetini goldaýan uly bileleşigiň öz işini bes edenden soň, işinden çekildi. Prezident Serjo Mattarella parlamenti ýatyrdy we 25-nji sentýabrda nobatdan daşary saýlawlary geçirmäge çagyrdy. Synçylaryň köpüsi Berluskoniniň mundan öň bolup geçen kynçylyklarda aýgytly rol oýnandygyny belleýärler.
Ýewropa parlamentiniň wekili bolan Silwio Berluskoni 2013-nji ýylda Senatdan çykypdy. «Öňe, Italiýa!» partiýasynyň esaslandyryjysy dört gezek premýer-ministr bolup işledi – 1994-1995, 2001-2005, 2005-2006, 2008-2011. Bu Italiýanyň syýasaty üçin rekorddyr.
Merkezi sagçy koalisiýanyň içinde bir düzgün döredilip, premýer-ministriň dalaşgärligi iň köp ses alan partiýa tarapyndan hödürlenýär. Häzir “Italiýanyň doganlary” partiýasynyň ýurtda uly abraýa eýedigi bellenip, onuň lideri Jorj Meloniniň Italiýa hökümetine ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenan bolup biljekdigi tassyklanýar.