Saud Arabystany Patyşalygynyň “Saudi Aramco” döwlet nebit kompaniýasy 7 milliard dollar möçberinde maýa goýum özleşdirip, Malaýziýanyň Johor ştatynda nebiti gaýtadan işleýän hem-de nebit-himiýa toplumlaryny gurmagy meýilleşdirýär. “Saudi Aramco” döwlet kompaniýasy bilen “Petronas” nebit-gaz kompaniýasynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde, bu ugurda degişli karara gelindi.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz al-Saud Malaýziýada saparda bolup, ýurduň Premýer-ministri Najib Tun Razak bilen duşuşdy. Şonuň çäklerinde iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi.
Toplumyň 2019-njy ýylyň 1-nji çärýeginde ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.