ABŞ-nyň dün­ýä bel­li “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy Ýew­ro­pa­da özü­niň il­kin­ji za­wo­dy­ny aç­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Awia­si­ýa, kos­mos we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ryň önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy şe­re­ket­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan “Boeing” Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şef­fild şä­he­rin­de tä­ze za­wo­dy­ny işe gi­riz­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu şä­her ýur­duň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de ýer­leş­ýär.
20 mil­li­on funt-ster­ling (tak­my­nan, 25 mil­li­on dol­lar) möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­lip, gu­rul­jak za­wod­da “Boeing-737” hem-de “Boeing-777” ky­sym­ly uçar­lar üçin dür­li en­jam­lar ön­dü­ri­ler. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa dün­ýä­niň dür­li kün­je­gi­nden sar­gyt alan uçar­la­ry­ny iber­mek üçin çyk­da­jy­la­ry­ny ep-es­li azal­dar.
Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da­ky şa­ham­ça­syn­da 2 mü­ňe go­laý adam iş­le­ýär we ola­ryň äh­li­si önüm­çi­lik däl iş­ler­de zäh­met çek­ýär.
“Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy ra­ýat awia­si­ýa hem-de kos­mos ul­ga­myn­da uly iş­ler alyp bar­ýar. Şe­re­ke­tiň iki sa­ny uly dü­zü­mi bo­lup, ola­ryň bi­ri ra­ýat uçar­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na gö­zeg­çi­lik et­se, beý­le­ki­si älem gi­ňiş­li­gi­ni öw­ren­mä­ge ça­lyş­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň dü­zü­min­de 2016-njy ýy­lyň ahy­ryn­da­ky mag­lu­ma­ta gö­rä, 150 müň adam iş­le­ýär.