Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin şu ýy­lyň 27-28-nji few­ra­ly ara­ly­gyn­da Ga­za­gys­tan­da, Tä­ji­gis­tan­da hem-de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­da res­mi sa­par­da bol­dy. Bu sa­par Rus­si­ýa bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­dy.
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin 27-nji few­ral­da Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew hem-de şol gün Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon bi­len du­şuş­dy. 28-nji few­ral­da rus döw­let Baş­tu­ta­ny Tä­ji­gis­ta­na sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na bar­dy we şol ýer­de bu ýur­duň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di.
Pu­tin bi­len Na­zar­ba­ýe­wiň du­şu­şy­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­lar bi­len bir ha­tar­da, ýurt­la­ry gy­zyk­lan­dyr­ýan hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy. Soň­ky dö­wür­de bu iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar ýyg­jam­laş­dy. 2016-njy ýyl­da olar 6 ge­zek du­şu­şyp, 12 ge­zek te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik ge­çir­di. 2017-nji ýyl­da olar ýe­ne-de bir­nä­çe ge­zek du­şuş­ma­gy göz öňün­de tut­ýar­lar. Li­der­ler ap­rel-maý aý­la­ryn­da Biş­kek­de Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň mas­la­ha­tyn­da, iýun aýyn­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň As­ta­na şä­he­rin­dä­ki sam­mi­tin­de, okt­ýabr aýyn­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Mosk­wa şä­he­rin­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­gyn­da gep­le­şik­ler ge­çi­rer­ler.
Rus­si­ýa bi­len Ga­za­gys­ta­nyň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Rus­si­ýa­nyň 7 müň­den gow­rak kär­ha­na­sy­nyň Ga­za­gys­tan­da şa­ham­ça­sy bar. 2016-njy ýyl­da iki ýur­duň ara­syn­da umu­my ba­ha­sy 3 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan 41 yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Wla­di­mir Pu­ti­niň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry bo­ýun­ça sa­pa­ry­nyň ikin­ji ug­ry Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy bol­dy. Bu ýer­de-de iki ýur­duň baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­de gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Şol gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça 7 yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Ta­rap­lar zäh­met we ra­ýat­la­ryň iş üp­jün­çi­li­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, poç­ta hyz­mat­la­ry, sport we me­de­ni­ýet ýa­ly bir­nä­çe ugur­lar­da yla­la­şyk­lar ga­za­nyp, bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem iki ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da 2017-nji ýyl üçin hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­na gol çe­kil­di.
Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny Wla­di­mir Pu­tin 28-nji few­ral­da Biş­kek­de Pre­zi­dent Al­maz­bek Atam­ba­ýew bi­len du­şuş­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da bir­nä­çe yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Rus­si­ýa Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­na Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­gi­ne uý­gun­laş­ma­gy üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär. Bu ba­bat­da 200 mil­li­on dol­lar pul kö­me­gi be­ril­di. Güm­rük gul­lu­gy­nyň eda­ra­la­ry­nyň dü­zü­mi döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Iki ýur­duň ara­syn­da ösüş gaz­na­sy he­re­ket ed­ýär.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy, Tä­ji­gis­tan hem-de Ga­za­gys­tan bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­ny de­giş­li­lik­de 1992-nji ýy­lyň mart, ap­rel hem-de okt­ýabr aý­la­ryn­da ýo­la goý­dy.