ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasy 2018-nji ýylda Aýa ilkinji syýahatçylyk maksatly gezelenjini amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask habar berdi. Şol syýahat döwründe 2 jahankeşdäniň älem giňişligine gezelenji göz öňünde tutulýar.
– Iki raýatyň biziň kompaniýamyz bilen özbaşdak gepleşikler geçirip, Aýyň daş-töweregine syýahat etmek hakyndaky pikiri bizi diýseň begendirdi. Olar eýýäm töleginiň ep-esli bölegini geçirdi – diýlip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenip geçilýär.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, şeýle syýahata çykmak isleýän başga raýatlar hem bar. Jahankeşdeleriň Aýa syýahaty Florida ştatyndaky Kanaweral burnundan amala aşyrylar.
Kompaniýa ABŞ-nyň älem giňişligini öwrenýän edarasyna (NASA) öz minnetdarlygyny bildirdi. Şolaryň maliýeleşdirilmeginiň hasabyna “Dragon 2” kosmos gämisi guruldy. “Crew Dragon” kosmos gämisini şu ýylyň ikinji çärýeginde Halkara kosmos bekedine ibermek göz öňünde tutulýar.
“Space Exploration Technologies Corporation” (SpaceX) kompaniýasy 2002-nji ýylda esaslandyryldy. Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky bu kompaniýa kosmos tehnikalaryny öndürmek bilen meşgullanýar. Onuň merkezi binasy Kaliforniýa ştatynda ýerleşýär. Kompaniýa “Falcon-1” hem-de “Falcon-9” raketa göterijileri işläp taýýarlady.