Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­ri­şiň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Ami­na Mo­ham­med işi­ne gi­riş­di. Ol ha­bar­çy­la­ra be­ren be­ýa­na­tyn­da BMG-niň tä­ze ýol­baş­çy dü­zü­mi­niň köp san­ly ugur­lar bo­ýun­ça gu­ra­ma ag­za döw­let­ler bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­jek­di­gi­ni bel­läp geç­di.
Şeý­le hem Ami­na Mo­ham­med dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bar güý­jü­ni aýa­man zäh­met çek­jek­di­gi­ni bel­läp, dur­nuk­ly ösü­şiň äh­li adam­zat üçin örän mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy. Baş sek­re­ta­ryň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry ga­ryp­ly­ga gar­şy gö­reş­mek, ýaş­lar üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, gen­der deň­li­gi­ni ga­zan­mak ýa­ly ugur­la­ryň bi­rin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­ler bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
BMG-niň dü­zü­mi­ne go­şul­maz­dan ozal, Ami­na Mo­ham­med Ni­ge­ri­ýa­nyň daş­ky-gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­ri, Ni­ge­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň mas­la­hat­çy­sy we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di. Şeý­le hem ol Nýu-Ýork­da­ky Ko­lum­bi­ýa uni­wer­si­te­tin­de mu­gal­lym­çy­lyk et­di.