Gözellik
Meşhur pars şahyrlarynyň biri gözellige akyl ýetirmek üçin jümle-jahana aýlanyp çykmagy ýüregine düwýär. Şu maksat bilen ýola düşen şahyr, özüniň ymtylýan zadyna göz ýetirmek isleýär. Çal saçly, gartaşan şahyr bir gün ymgyr sähralykda uklap galýar. Şahyr säher çagy oýananda özüne maýyl edýän perişdesypat gyzyň garşysynda durandygyny görýär. Aljyraňňy hala düşen şahyr:
– Sen kim, nädip bu ýere düşdüň? Belki-de gözelligiň nämedigini sen maňa düşündirersiň? Sebäbi oňa her kim birhili garaýar, dürli-dürli taryplap, köňül berýär – diýip, bütin göwresi bilen saňňylda öwrülýär.
Aý ýaly gözel gyz şeýle jogap berýär:
– Aljyramaň, men sähra gyzy. Gözelligiň nämedigini saňa düşündirsem, ol bizi gurşap alýan tebigat. Köpler üçin bagt gözellikden başlanýar. Gözelligiň şahyrlary elýetmez belentlige eltýän basgançakdygyny unutma! Gözellik göwnüň maýyl bolýan zady bolup, oňa duş geleniňde, kalbyň onuň çuňluklaryna uzaýandygyny bilip goý. Gözellik gizlin bolsa-da görýän, sessiz-üýnsüz bolsa-da, eşidýän närsäňdir. Has dogrusy, gözellik bu göwnüň ýagşylyk saýýan närsesidir. Gözellik seniň görýän we alasyň gelýän zadyň däl-de, eýsem, beresiň gelýän zadyňdyr.
Şol pursat sähra gyzy şahyryň golaýyna baryp, ak zyba aýasy bilen onuň gözüni ýapýar. Gyz aýasyny aýyranda, şahyr onuň gözden gaýyp bolandygyny bilip galýar. Şahyr şondan soň öz ýurduna dolanýar. Gözellige akyl ýetiren şahyryň kellesinde sähraly gyzyň «Gözellik seniň görýän we alasyň gelýän zadyň däl-de, eýsem, beresiň gelýän zadyňdyr» diýen jümleleri gaýtalanýar.
Netije: Ösüp oturan owadan bägüli gowy görseň, ony goparman ideg edip, suw berýärsiň.
Bagt
Bir gün Sokrat şägirtlerine şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
– Eýsem, durmuşda iň esasy zat näme?
Onuň şägirtleri bu barada öz pikirlerini aýdyp ugraýarlar. Olaryň birinjisi şeýle diýýär:
– Durmuşda iň möhüm zat jan-saglyk.
Ikinjisi köp oýlanman şeýle diýýär:
– Meniň pikirimçe durmuşda iň esasy zat, oňat beden gurluşyna, syratly kamata eýe bolup, adamlaryň ünsüni özüňe çekmek.
Üçünjisi:
– Meniň pikirimçe iň esasy zat gurply bolup, jemgyýetde öz ornuňy tapmak.
Şägirtleri öz pikirlerini aýdansoň, olar Sokratdan:
– Ýogsa-da halypa, eýsem, siziň özüňiz bu barada nähili pikir edýärsiňiz? – diýip, soranlarynda Sokrat şeýle jogap beripdir:
– Dogry, siziň pikirleriňiz hem biçem däl. Ýöne men durmuşda iň esasy zat bagt hasaplaýaryn. Eýsem, siz sagdyn adam durmuşda hökman bagtly bolup biler diýip pikir edýärsiňizmi?
Ony diňleýän şägirtleri şeýle diýipdirler:
– Ýok, halypa! Bolman hem biler.
– Oňat beden gurluşyna, syratly kamata eýe bolan adam durmuşda bagtly bolup biler öýdýärsiňizmi?
– Ýok, halypa! Bolman hem biler – diýip, şägirtleri jogap beripdirler.
– Onda siz maňa aýdyň, gurply we jemgyýetde orny bolan adam hemişe bagtlymy?
– Ýok, halypa! Gaýtam tersine şeýle adamlar köplenç ýalňyz bolýarlar – diýip, şägirtleri jogap beripdirler.
– Bu ýerde sanalan ynsan mertebesiniň haýsy birini has ileri tutýarsyňyz? Mysal üçin, size kimdir biriniň maslahaty gerek boldy diýeliň. Şonda siz haýsy adama ýüz tutarsyňyz. Jemgyýetde öz orny bolan gurplusynamy, oňat beden gurluşly syratlysynamy ýa-da durmuşda iň bagtly adamamy? – diýip, Sokrat şägirtleriniň ýüzüne soragly nazaryny aýlapdyr. Şägirtleriniň üçüsi hem bagtly ynsany has mynasyby hökmünde ykrar edip, bagtly adamdan maslahat aljakdyklaryny biragyzdan tassyklapdyrlar.
– Şeýlelikde, biziň hemmämiz bagtyň iň ýokary eşretdigini, bu durmuşda iň möhüm zat hökmünde oňa ymtylmalydygymyzy biragyzdan ykrar etdik – diýip, Sokrat ýylgyrypdyr.
Rahatlyk zolagy
Bir guşjagaz ymgyr çöl-beýewanyň içinde gurap galan agajyň şahalarynda ýaşaýan eken. Günleriň bir güni güýçli tupan turup, agajy köki-damary bilen goparyp, honda taşlaýar. Betbagt guşjagaz penalamaga ýer gözläp uzak menzilleri külterlemeli bolýar. Ol ahyrsoňy buldurap duran çeşmeli, miweleriniň ysy bark urýan salkyn saýaly bagyň üstünden barýar.
Hawa, eger-de gury agaç abat galan bolsady, onda özüniň öwrenişen ýerini taşlap gaýtmaga guşjagazy hiç bir güýç mejbur etmezdi.
Rus dilinden terjime eden Rahman Kömekow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.