Dün­ýä­niň meş­hur şä­her­le­rin­de bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män gel­ýän, şol şä­he­riň ýa-da ýur­duň ny­şa­ny­na öw­rü­len bi­na­lar bar – Pa­riž­dä­ki Eý­fel di­ňi, Nýu-Ýork­da­ky Azat­lyk heý­ke­li, Ita­li­ýa­nyň Pi­sa şä­he­rin­dä­ki Pi­sa di­ňi… Şeý­le meş­hur bi­na­la­ryň bir­nä­çe­si­niň baş­ga ýer­de gur­lan meň­zeş­le­ri­ne hem ga­bat gel­mek bol­ýar. Hat­da kä­bir bi­na­la­ryň bir­nä­çe meň­zeş nus­ga­sy hem bar. Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris:

Dünýäniň dürli ýerlerinde Pariždäki Eýfel binasyna meňzedilip gurlan 30-dan gowrak bina bar.

Eý­fel di­ňi

Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan Eý­fel di­ňi 1889-njy ýyl­da bu şä­her­de ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýä ser­gi my­na­sy­bet­li gu­rul­ýar. Be­ýik­li­gi 300 metr­den geç­ýän po­lat gur­luş­lar­dan dü­zü­len bi­na esa­sy üç bö­lek­den yba­rat­dyr. Dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul ed­ýän bi­na­la­ry­nyň ara­syn­da he­mi­şe öň­de­li­gi sak­la­ýan Eý­fe­l di­ňi­niň ýo­kar­syn­dan şä­he­riň owa­dan kün­jek­le­ri­ni syn­la­p bol­ýar. Onuň de­pe­si­ne lift­li ýa-da bas­gan­çak­dan çy­kma­ly. Il­ki­baş­da wagt­la­ýyn gur­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den bu bi­na­ny he­mi­şe­lik sak­lap gal­ýar­lar.
2007-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň Hanç­žou şä­he­rin­de be­ýik­li­gi Eý­fe­l di­ňi­niň üç­den bi­ri­ne ba­ra­bar bo­lan «Ti­an­ducheng» at­ly bi­na gu­rul­ýar. Bu ýer­de di­ňe Eý­fel di­ňi­niň däl, eý­sem, Pa­riž­dä­ki jaý­la­ryň, çüw­dü­rim­le­riň we se­ýil­gäh­le­riň hem meň­zeş­le­ri bar. Bi­na­nyň tö­we­re­gin­de 10 müň ila­tyň ýa­şa­ma­gy­na ni­ýet­le­nen jaý­lar hem bi­na edil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da onuň tö­we­re­gin­dä­ki şä­he­riň çä­gi gi­ňel­dil­ýär. Bu şä­her­de gün­ba­tar ähe­ňin­dä­ki ni­ka da­ba­ra­la­ry hem ge­çi­ril­ýär.
ABŞ-nyň Las We­gas şä­he­rin­de hem be­ýik­li­gi Pa­riž­dä­ki­niň ýa­ry­sy­na – 165 met­re ba­ra­bar bo­lan şeý­le diň bar. ABŞ-nyň iň köp sy­ýa­hat­çy bar­ýan şä­he­rin­de 1995-nji ýyl­da Eý­fel di­ňi we Pa­riž­dä­ki beý­le­ki bi­na­lar hem gu­rul­ýar. Il­ki­baş­da­ky tas­la­ma­da diň Pa­riž­dä­ki bi­len deň bol­ma­ly eken. Em­ma go­la­ýyn­da­ky ho­wa men­zi­li se­bäp­li onuň be­ýik­li­gi çäk­len­di­ri­lip­dir. «Pa­ris Las Vegas» myh­man­ha­na­sy­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän ýer­de Trium­fal ar­ka­sy, Raý­daş­lyk meý­dan­ça­sy, Luwr mu­ze­ýi, Or­se mu­ze­ýi ýa­ly fran­suz paý­tag­ty­nyň meş­hur ýer­le­ri­ne meň­zeş bi­na­lar bar. Mek­si­ka­nyň Du­ran­go şta­tyn­da hem «Tor­re Eif­fel» di­ňi bar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Ýer ýü­zün­de Eý­fel di­ňi­niň otuz­dan gow­rak nus­ga­sy bar.

To­kio şä­he­rin­de, Odaý­be ada­syn­da 1999-njy ýylda gurlan Azatlyk heýkeliniň ululygy bary-ýogy 12 metr­digine garamazdan, ony has uly görner ýaly edip surata alyp bolýar.

Azat­lyk heý­ke­li

ABŞ-nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan bu heý­kel fran­suz­lar ta­ra­pyn­dan sow­gat hök­mün­de gu­rul­ýar. Nýu-Ýork şä­he­rin­de ke­nar­dan uzak bol­ma­dyk ada­da ýer­leş­ýän Azat­lyk heý­ke­li­niň tas­la­ma­sy­nyň daş­ky bö­le­gi­ni fran­suz heý­kel­ta­ra­şy Fre­de­rik Og­ýust, iç­ki bö­le­gi­ni fran­suz in­že­ne­ri Gýus­taw Eý­fel iş­läp düz­ýär. 350 bö­lek­den yba­rat bo­lan heý­kel 1885-nji ýyl­da gä­mi bi­len Ame­ri­ka ge­ti­ril­ip, 4 aý­da gur­nal­ýar. Heý­ke­liň bo­ýy 47 metr bo­lup, aşa­gyn­da­ky pýe­des­ta­ly go­şa­nyň­da 93 met­re deň. «Azat­lyk ada­syn­da» ýer­leş­ýän bi­na iň köp sy­ýa­hat­çy­nyň bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
Azat­lyk heý­ke­li­niň ýe­di­den bi­ri­ne ba­ra­bar bo­lan nus­ga­sy To­kio şä­he­rin­de hem bar. 1999-njy ýyl­da fran­suz-ýa­pon dost­lu­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de Odaý­be ada­syn­da wagt­la­ýyn otur­dy­lan heý­kel, hal­kyň is­le­gi bi­len he­mi­şe­lik ga­ldy­ryl­ýar. 12 metr­lik heý­kel köp wagt geç­män­kä meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Gi­je­si­ne bu heý­ke­liň ýa­nyn­dan älem­go­şar köp­rü­si­niň owa­dan keş­bi­ne syn edip bol­ýar.

Italiýanyň Pisa şäherinde XIV asyrda gurlan binanyň gyşyklygy 1990-njy ýyllarda birneme dikeldilip, 5,5 derejeden 4 derejä ýetirilýär.

Pi­sa di­ňi

Rim im­pe­ri­ýa­sy­nyň mer­ke­zi bo­lan Ita­li­ýa­ ta­ry­hy bi­na­la­ra örän baý bo­lup, şo­la­ryň bi­ri hem Pi­sa­nyň eg­rel­ýän di­ňi ha­sap­lan­ýar. Ady­bir şä­her­de ýer­leş­ýän bi­na­nyň gur­lu­şy­gy 1372-nji ýyl­da ta­mam­lan­ýar. Onuň aşak ta­ra­py­nyň be­ýik­li­gi 55,86 metr, be­ýik ta­ra­py­nyň­ky 56,67 metr bo­lup, gur­lan­dan soň­ra gy­şa­ryp baş­la­ýar. 1990-njy ýyl­da onuň gy­şyk­ly­gy 5,5 de­re­jä ýet­ýär. Di­kel­diş iş­le­rin­den soň, onuň gy­şyk­ly­gy 4 de­re­jä ge­ti­ril­ýär. Ýe­di gat­ly bi­na­nyň ýo­kar­sy­na çen­li 296 bas­gan­çak bar.
ABŞ-nyň Il­li­noýs şta­tyn­da­ky Kuk et­ra­byn­da hem şeý­le bi­na bar. Naýls oba­syn­da­ky bu diň Ita­li­ýa­da­ky bi­na­dan iki es­se ki­çi bo­lup, 1934-nji ýyl­da gu­rul­ýar. Ro­bert Ilg at­ly bi­na­gär bu bi­na­ny açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky ýü­zül­ýän how­zuň ýa­nyn­da gur­dur­ýar. 1995-1996-njy ýyl­lar­da Naýls di­ňi we onuň tö­we­re­gi düýp­li abat­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýe­riň tö­we­re­gin­de çüw­dü­rim­ler we ho­wuz bar.

Gresiýanyň iň köp syýahatçy çekýän taryhy ýadygärlikleriniň biri bolan Parfenonyň diňe sütünleri we käbir bölekleri saklanyp galypdyr.

Par­fe­non

Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny­da ýer­leş­ýän bu ýa­dy­gär­li­giň ma­ny­sy «Gyz ota­gy­nyň üm­süm­li­gi» diý­me­gi aň­lad­ýar. Iki müň ýyl­dan gow­rak wagt ozal gur­lan bi­na­nyň sü­tün­le­ri we di­war­la­ry hä­zir­ki gün­le­re çen­li ge­lip ýe­tip­dir. De­pä­niň üs­tün­de gur­lan äpet yma­rat şä­he­riň köp ýe­rin­den ho­wa­la­nyp gö­rün­ýär. 46 sü­tün­li gö­nü­burç­luk şe­kil­li yma­rat üç bas­gan­çak­ly ter­ra­sa­nyň (te­bi­gy eň­ňit­li de­pe) üs­tün­de otur­dy­lyp­dyr. Onuň sü­tün­le­ri­ mer­mer­den ýa­sa­lyp­dyr. Bi­na­nyň düý­bi dört ha­tar bo­lup, ola­ryň be­ýik­li­gi dür­li-dür­li, şeý­le-de sü­tün­ler ja­ýyň içi­ne ta­rap sä­hel­çe gy­şa­ryp dur. Mi­la­dy­dan ozal 447-438-nji ýyl­lar­da gur­lan bi­na­da 438-431-nji ýyl­lar­da abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.
ABŞ-nyň Ten­nes­si şta­ty­nyň Naş­will şä­he­rin­de Par­fe­no­nyň asyl nus­ga­sy­na meň­zeş bi­na bar. Äh­li öl­çeg­i ha­ky­ky nus­ga­sy­na meň­zeş bo­lan bu bi­na 1897-nji ýyl­da bi­na­gär Wil­ýam Kraw­ford Smit ta­ra­pyn­dan Hal­ka­ra ser­gi­ler mer­ke­zi­niň bir bö­le­gi hök­mün­de gur­lup baş­lan­ýar. Il­ki­baş­da ker­piç­den we agaç­dan gur­lup baş­la­nan yma­ra­ta ho­wa şert­le­ri se­bäp­li ze­per ýet­ýär. Bi­na 1920-nji ýyl­da öňki ýe­rin­de be­ton ulan­mak ar­ka­ly gaý­ta­dan gu­rul­ýar. Yma­rat 1931-nji ýyl­da do­ly gur­lup gu­ta­ryl­ýar.
Naş­will şä­he­ri­niň gün­ba­tar ete­gin­dä­ki giň se­ýil­gä­hiň için­de ýer­leş­ýän Par­fe­non sun­gat mu­ze­ýi we ser­gi­ler mer­ke­zi hök­mün­de ula­nyl­ýar. Bu ýer­de he­mi­şe­lik sak­lan­ýan XIX we XX asyr­da dö­re­di­len kar­ti­na­lar bar. Şeý­le hem giň bi­na­nyň ga­le­re­ýa­syn­da wagt­la­ýyn ser­gi­ler gu­ral­ýar.

Londondaky sagat diňiniň beýikligi 90 metre, Kalkuttadaky binanyň beýikligi 30 metre ýetýär.

“Big ben”

Birleşen Patyşalygyň paýtagtynda ýerleşýän sagat diňi iňlis dilini öwredýän kitaplaryň ençemesiniň sahabyny bezeýär. Angliýanyň iň belli binalarynyň biri bolan “Big ben” (Uly jaň) iňlis parlamentinden sesýetim uzaklykda ýerleşip, dört tarapyndaky sagat uzakdan howalanyp görünýär. Temza derýasynyň kenaryndaky binanyň beýikligi 90 metre ýetýär. Birleşen patyşalygy emele getirýän dört döwletiň Angliýanyň, Şotlandiýanyň, Irlandiýanyň we Uelsiň milli simwollary beýik binany bezeýän galkanlaryň ýüzünde şekillendirilipdir. Londondaky sagat diňine meňzeş bina Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynyň merkezi şäheri Kalkuttada hem bar. Şäheriň halkara aeroportundan şähere gidilýän esasy ýoluň ugrunda ýerleşýän bina ozal bu barada bilmeýän myhmanlary birbada haýran galdyrýar. Daşky şekili örän meňzeş bolsa-da, Londondakydan tapawutlylykda bu binanyň beýikligi 30 metre barabar. Kalkutta wagt guşaklygy atly diňiň dört tarapynda hem sagat ýerleşdirilipdir. Bina Günbatar Bengalyň premýer-ministri Mamta Banerjiniň teklibi bilen 2015-nji ýylyň oktýabrynda gurlup gutarylýar. Bina şäheriň maliýe merkezi hökmünde London bilen bäsdeşlik etmegi niýeti bilen gurulýar. Günorta Dum Dum häkimliginiň ýolbaşçylygynda gurlan taslamany durmuşa geçirmek üçin 1,36 million kror (212 müň ABŞ dollary töweregi) pul serişdesi sarp edilýär. 10 gatly binanyň sagatlaryny “Anglo Swiss Company” kompaniýasy hemaýatkärlik hökmünde berilýär. Sagatlaryň her biriniň diametri 3,6 metre deň. Londondaky sagatlar bolsa 7 metr.