Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji tylla güýzüniň ilkinji güni ýaňlanan jaň sesi täze okuw ýylynyň başlanandygyny buşlady, geljekki bilim belentliklerine badalga berdi, ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri uly ruhubelentlik bilen bilim ojaklarynyň gujagyna doldular. Okuw ýylynyň ilkinji güni täsin, ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Körpeler ýaňy çagalar bagyndan gelip, ak mekdebiň bosagasyndan ätlese, bagtyýar döwrüň talyby diýen belent ada mynasyp bolan müňlerçe ýaşlarymyz talyplyk dünýäsine gadam basdylar. Täze güýç, belent hyjuw bilen bilim ojaklaryna gadam basýan ýaş nesiller internet ulgamyna birikdirilen, has kämil kompýuterler bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleriň okuw otaglarynda bilim alarlar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününiň säherinde bilim ojaklarynyň daş-töweregi toý mähellesini ýadyňa salýar, ähli çagalary ýakymly duýgulara besleýär. Bilim işgärleri, okuwçylar, talyplar täze okuw ýylyna başlaýandyklaryna begenseler, ata-eneler öz perzentlerine hormatly Prezidentimiziň talap edişi ýaly, bilimdir terbiýe beriljekdigine, olaryň giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan doly baş çykarýan, päk ahlakly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişjekdigine buýsanýarlar. Bu okuw ýylynda öz zähmet ýoluna başlaýanlaryň hem-de ilkinji gezek talyp bolup okuw mekdepleriň gujagyna dolýanlaryň şatlygynyň çägi ýok bolsa gerek. Ynsan bagtynyň gül açýan şeýle döwründe ýaşamak, işlemek, okamak, gör, nähili bagt.
Geljegimiziň binýadynyň berkden-berk goýulmagy ýaş nesle berilýän bilimdir terbiýe bilen bagly bolup durýar. Bu günki mekdep partasynda oturan okuwçy ertirki gün dürli käriň eýesi bolup, durmuşda öz ornuny tapmagy başarmalydyr. Şu jähtden Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permana gol çekipdi. Bu Perman Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti diýen iň ýokary we jogapkärli wezipä ählihalk tarapyndan saýlanyp, işe başlandan soň kabul eden ilkinji Permany bolupdy. Iň täze taryhymyza giren bu Perman täze döwrüň bilim syýasatynyň düýbüni tutdy, ulgamy kämilleşdirmekde beýik işlere badalga berdi.
Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek işleriniň rowaçlanyşy diýseň guwandyrýar. Şu ýylyň 8-nji iýulynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi, Prezident maksatnamasynyň esasynda geljek ýedi ýylda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-synyň, umumy bilim edaralarynyň 54-siniň, ýokary hünär bilim edaralarynyň 4-siniň bina edilmeginiň meýilleşdirilmegi hem muny tassyklaýar. Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginde berilýän maglumata görä, welaýatymyz boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň sany 525-e ýetdi. Mundan başga-da, 2 sany ýöriteleşdirilen mekdep-internat, Daşoguz welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Bar bolan 111 sany mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň müňlerçesi terbiýelenýär. Şu täze okuw ýylynda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätleýän çagalaryň sany 3600-den geçer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy üçin edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan beýik işlerdir. Çünki, bilim ulgamyny ösdürmezden kuwwatly, ösen döwleti gurmak mümkin däl.
Dünýäniň ösen döwletleriniň islendiginiň durmuşyndaky haýsy ugruny alyp görseň ösen ylmy bar. Bu geçmişde-de şeýle bolupdyr, häzirem şeýle, geljekde-de şeýle bolar. Şonuň üçin ýurdumyzyň çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim ulgamynda düýpli özgerişlik edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasiýa tehnologiýalar bilim we terbiýeçilik işlerinde giňden ulanylýar. 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» tassyklandy. Maksatnamanyň esasy maksady mekdebe çenli çagalar edaralaryna döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmekden, çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň geljekki ösüşini üpjün etmekde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, bäsleşige ukyply, ýokary medeniýetli, sagdyn nesli kemala getirmegi üpjün etmäge ýardam edýär.
Ýaş nesillere durnukly bilim we asylly terbiýe bermek ýaly wajyp meseläniň oňyn çözülmeginde mugallymlara uly jogapkärçilik düşýär. Bu jogapkärli wezipäni göwnejaý çözmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän atalyk kitaplary mugallymlara ýol-ýörelge görkeziji şamçyragdyr. Bu kitaplaryň many-mazmunyny okuwçylaryň aňyna ýetirmek, kalbyna ornaşdyrmak bilim işgärleriniň wajyp borjy bolup durýar. Biz ata-ene hökmünde-de bu ýankitaplarda nygtalýan borçlara dogry düşünip, olary berjaý etsek, päk ýürekli, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, halka, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly nesli ýetişdirmekde uly iş bitirdigimiz bolar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni göwünlere ýakym berýär. Çünki bu baýram şatlyga, şowhuna, göwün ýüwürtmelere baýdygy, çagalaryň arzuwlarynyň hasyl boýandygy, olaryň bilimler dünýäsine aralaşýandygy bilen tapawutlanýar. Goý, täze okuw ýylynda hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlanan we yzygiderli, maksatnamalaýyn amala aşyrylýan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bilim özgertmeleri üstünliklere beslensin.
Jumagül Hojaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.