Dünýäniň iň gymmat kartinalarynyň sanawynda 1-nji orny 2 eser paýlaşýar. Olaryň biri fransiýaly suratkeş Pol Goginiň “Nafea Faa Ipoipo” (“Haçan durmuşa çykýarsyň?”) atly eseridir. 2 sany taitili gyzyň suraty geçen ýylyň fewral aýynda katarly biri tarapyndan satyn alnypdy. Ady mälim edilmedik şol adam bu meşhur kartina üçin eseri öňki satyn alan eýesi şweýsariýaly Rudolf Staeşelinleriň maşgalasyna 300 million dollar töläpdi. Bu özboluşly eseri Pol Gogin 1892-nji ýylda çekip tamamlapdy. Beýleki iň gymmat kartina gollandiýaly abstrakt ekspressionizmiň ägirdi hasaplanýan Willem de Kuningiň “Interchange” atly kompoziýasy bolup, ol geçen ýylyň sentýabryndan bu sanawa şärik boldy. Bu täsin eseri Kennet Si. Griffin atly amerikaly milliarder satyn almak üçin Dewid Geffen haýyr-sahawat guramasyna 300 million dollar töledi. Gollandiýaly Willem de Kuning bu eserini 1955-nji ýylda çekipdir.
Bu ikisinden öňki rekord başga bir fransiýaly suratçy Pol Sezannyň “Kart oýnaýanlar” atly kartinasyna degişlidi. Ony-da 2011-nji ýylda geçirilen auksionda katarly ady belli edilmedik şahsyýet 259 million dollara satyn aldy. Pol Sezann bu eserini we şol birwagtyň özünde beýleki “Kart oýnaýanlar” kartinalar toplumyny 1890-njy ýyllarda tamamlady. Ýokarda görkezilen bahanyň diňe bir kartina degişlidigini-de ýatladýarys. 3-nji basgançakda amerikaly suratkeş Jekson Pollokyň kartinasy bar. Bu kartinanyň ady “Number 17A” bolup, ol hem Kennet Si. Griffin tarapyndan satyn alyndy. 2015-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen auksionda onuň 200 million dollara satyn alnandygy habar berlipdi. Suratkeşiň başga bir eseri-de, ýagny, “No. 5, 1948” atly kartinasy-da öňdäki orunlarda durýar. Bu sungat eserini meksikaly işewür Dawid Martinez 2006-njy ýylda 140 million dollara satyn alypdyr.
Iň gymmat kartinalaryň sanawynda 5-nji orny abstrakt ekspressionizmiň Willem de Kuning we Jekson Pollok dagy bilen bir hatarda, öňdebaryjy wekillerinden diýlip görkezilýän latwiýaly Mark Rothonyň “No. 6 (Violet, Green and Red)” atly kartinasy eýeleýär. Geçen asyrda ýaşap geçen sungat işgäriniň bu kartinasyny 2014-nji ýylda russiýaly işewür Dmitriý Rybolowlew 186 million dollara satyn aldy. Bahasy boýunça iň gymmat 6-njy kartinasy dünýä belli golland suratçysy Rembrandtyň 1634-nji ýylda çeken “Pendant portraits of Maerten Soolmans and Oopjen Coppit” atly portret eseridir. Ol geçen ýylyň sentýabrynda 180 million dollara satyn alyndy. Pablo Pikassonyň “Alžirli zenanlar” kartinasy 7-nji (179,4 million dollar), Amedeo Modiglianiniň “Nu Couche” atly eseri 8-nji (170,4 million dollar) ýerde durýar. Jekson Pollokyň “No. 5, 1948” hem-de Willem de Kuningiň “Woman III” atly eserleri ilkinji onlugy jemleýär.
Dünýäniň iň gymmat 60 kartinasynyň arasynda Pablo Pikassonyň 10 sany eseri bar. Kolleksionerler şol kartinalar üçin häzire çenli 740 million dollar pul töläpdirler. Sanawda, aýratynam, portret suratlaryny çekmekde öňe saýlanan gollandiýaly Winsent Wan Goguň 7 kartinasy bolup, olary satyn alanlar jemi 360 million dollar töweregi çykdajy edipdirler. Dünýäniň iň gymmat 60 kartinasy diýlen sanawda pop-art sungat akymynyň öňdebaryjylaryndan, 1928–1987-nji ýyllarda ýaşap geçen amerikaly Endi Warholyň hem 7 eseri bar. Merilin Monro baradaky çeken suraty – “Marilynls” kartinasy we “Bir gün gelejekde hemmeler 15 minutlyk meşhur boljakdyr” sözi bilen giňden tanalýan Warholyň “Eight Elvises” atly eseri 2008-nji ýylda 100 million dollara satyn alnypdyr.
Aslynda, häzirki wagtda iň gymmat kartina Pariždäki Lawr muzeýinde saklanýar. Ol Leonardo Da Winçiniň belli bahasy bolmaýan “Mona Liza” kartinasydyr. Bahasy 1962-nji ýylda 100 million dollar diýlip kesgitlenilen kartinanyň häzirki günde nyrhy juda ýokary – 780 million dollar töweregi diýlip çaklanylýar.