Şu ýylyň iýun aýyna çenli Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany, takmynan, 1,05 milliard adama çenli artyp, ýurtda internet elýeterliligi 74,4 göterime ýetdi. Bu barada Hytaýyň maglumat-internet merkezi (CNNIC) tarapyndan ýaýradylan internet ösüşi boýunça hasabatynda mälim edilýär.

Maglumatlara görä, internetden peýdalanmagyň ortaça wagty hepdede adam başyna 29,5 sagat bolup, ulanyjylaryň 99,6%-i öz telefonlaryny internete girmek üçin ulanýarlar.

Hytaýda jübi telefonynyň önümçiligi ýedi aýda 3,6% azaldy.

Iýun aýyna çenli ýurt boýunça 33,8 million domen ady hasaba alnyp, 1,85 milliondan gowrak 5G-niň esasy bekedi guruldy.

Hasabata görä, maglumat infrastrukturasynyň gurulmagy netijesinde oba ýerlerinde internete girmek 58,8%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa geçen ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende, 1,2% köpdür. Iýun aýyna çenli gysga wideo hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany has-da artyp, 2021-nji ýylyň dekabr aýyyndan 28 million adam köpelip, 962 milliona ýetdi. Şeýle hem hasabatda gyssagly habarlaşma hyzmatlaryndan, onlaýn habarlardan we onlaýn ýaýlymlardan peýdalanýanlaryň sanynyň, degişlilikde, 1,03 milliard, 788 million we 716 million adamdygy bellenilýär.