Günorta Amerikadaky Çilide ýurduň esasy kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek üçin referendum geçirilýär. Täze konstitusiýanyň taslamasy dünýäde ilkinji gezek deň zenan we erkek agzasy bolan topar tarapyndan taýýarlandy. Konstitusiýa, esasan, ekologiýa, deňhukuklylyk we sosial haklar ýaly üýtgeşmeler giriziler. Täze konstitusiýada ýokary bilimiň tölegsiz bolmagy, zenanlaryň we erkekleriň zähmet haklarynyň deň bolmagy we daşky gurşawyň üýtgemeginiň öňüniň alynmagy üçin göreşilmegi ýaly üýtgeşmeler göz öňünde tutulýar.

388 maddadan ybarat boljak 178 sahypalyk kanunda ýurtdaky ýerliler (indeý) barada hem degişli maddalar bar. 19 million ilaty bolan Çiliniň 13 göterimi ýerli ýaşaýjylardan ybarat. Täze konstitusiýada ýurt “köp milletli döwlet” diýlip atlandyrylar. Häzirki Konstitusiýa 41 ýyl ozal güýje girizilipdi.