Beýik Britaniýanyň dolandyryjy Konserwatorlar partiýasynyň täze lideri we Premýer-ministri 5-nji sentýabrynda belli bolar. Dalaşgärler şu ýylyň 12-nji iýulynda mälim edilipdi.

Premýer-ministriň wezipesini eýelemek maksady bilen ilkibaşda on bir britan syýasatçysy dalaş etdi, ýöne olaryň dokuzy geçen tapgyrlarda yza galypdylar. Şeýlelikde, Hökümet başlygy wezipesine ozal maliýe ministri wezipesini eýelän Rişi Sunak ýa-da Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Liz Trass geçer.

Saýlawyň bu gün tamamlanýan tapgyrynda Premýer-ministr wezipesini eýelemek üçin Sunak we Trass öz aralarynda bäsleşýärler. Olary diňe ýurduň dolandyryjy – Konserwatiw partiýasynyň agzalary saýlaýar. Bu partiýanyň agzalary ýurduň ilatynyň 1 göteriminden hem az bölegini eýeleýär. Ses bermek prosesi elektron poçta arkaly geçirilýär.

Hökümet başlygy nähili saýlanýar?

Konserwatiw partiýasynyň agzalary täze ýolbaşçylaryny saýlanlarynda, bu partiýanyň aşaky palatasyndaky mandatynyň köplügi sebäpli, partiýanyň ýolbaşçysy şol bir wagtyň özünde ýurduň hökümet başlygy wezipesini hem eýeleýär.

Internet arkaly geçirilýän ses berlişige şu ýylyň 3-nji iýulyndan ozal agza bolanlar gatnaşyp bilýär. Partiýanyň agzalarynyň anyk sany belli däl. Sebäbi, ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, syýasy partiýalar öz agzalarynyň sanyny mälim etmäge borçly däl. Partiýanyň ýolbaşçysyny saýlamak üçin 2019-njy ýylda geçirilen ses berlişige 160 müň töweregi agza gatnaşypdy.

Hökümet başlygy wezipesine dalaş edýänlere ilki Konserwatiw partiýasynyň agzalary tarapyndan ses berilýär. Dalaşgärleriň ikisi iň soňky tapgyra galýar. Soňra bolsa bu iki dalaşgäriň arasynda saýlaw geçirilýär.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson işinden çekiljekdigini 7-nji iýunda habar beripdi, ýöne oňa saýlawlara çenli hökümet başlygynyň wezipesini ýerine ýetirmek ynanyldy. Ol Konserwatiw partiýanyň lideri wezipesinden hem çekilýär. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, hökümet başlygy işinden çekilen ýagdaýynda munuň üçin gaýtadan saýlaw geçirilmeýär. Ýurtda 2025-nji ýylyň ýanwarynda öň saýlaw geçirilmeli. Emma täze hökümet başlygy bu senende öň hem saýlaw geçirmek kararyna gelip biler.